Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Gazanmak, karzy üzmek, gymmatly zat tapmak bilen maddy abadançylygyň birneme gowulaşmagy ähtimal. Iş teklipleri, işiň üstünlikli tamamlanmagy mümkindir. Alçaklygyňyz we özüneçekijiligiňiz töweregiňizdäkilerden üstün çykmagyňyza kömek eder. Bolgusyz zatlara ünsüňizi sowmaň, ýogsam şowlulyk yzyna öwrüler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Ýyldyzlar seresap bolmagy maslahat berýärler, ýöne hemme zat size bagly bolmaz. Wadalara, kasamlara ynanmaň. Boş we gereksiz gepleşikleri goldamaň, ýogsam gaharlanma bolup biler. Ýolbaşçylar bilen gepleşiklerde pikiriňizi goramakda berk bolmak maslahat berilýär.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Ähli meselelerde sabyrlylyk, paýhaslylyk zerurdyr. Esasanam nätanyş adamlar bilen aragatnaşygy azaldyň. Aldaw, çozuş ýa-da talaňçylyk ähtimal. Meýilleşdiren duşuşyklaryňyzy başga bir güne geçiriň. Abadançylygyň düýpgöter erbetleşmegi mümkindir, şonuň üçin agyr fiziki zähmetden gaça duruň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Durnuksyzlyk işde we öýde bolup biler. Ýyldyzlar hakykata çynlakaý baha bermegi, boş taslamalara gulak asmazlygy we wadalara ynanmazlygy maslahat berýärler. Zähmetiňize garamazdan, ähli päsgelçilikleri ýeňip geçip bilmersiňiz. Başgalar bilen gapma-garşy bolmaň, pikirleriňizi olara ýüklemäň. Günüň ikinji ýarymynda duýdansyz keýpiň üýtgemegi ýa-da kelle agyry bolup biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Durmuş potensialy azalar, bu derrew hünär işjeňligine, dostlaryňyz bilen gatnaşyklara we umuman ykbalyňyza täsir eder. Sabyr ediň, negatiw duýgulara ýol bermäň. Paýhaslylyk, ýoldaşyňyzy ynandyrmak ukyby, sypaýyçylyk kyn ýagdaýdan çykmaga kömek eder.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Häzirki wagtda maliýe ýagdaýy ýeterlik derejede durnukly däl: ýitgiler ýa-da çykdajylaryň mukdary girdejiden ýokary bolar. Geljekdäki şertnamalara berlen umytlar biderek bolup biler. Şeýle hem garşydaşyňyzyň hileleriniň pidasy bolmagyňyz ähtimal. Şahsy gatnaşyklarda oňyn we negatiw düýpli üýtgeşmeler bolup biler. Düýşüňiziň amala aşmagyna garaşyň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Işjeň, döredijilik güni. Bu gün diýseň stresli bolup bilersiňiz. Töwekgelçilik etmek ýa-da gymmat bahaly satyn almak bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Maşgala bilen dynç almak, syýahat etmek, çagalar bilen aragatnaşyk amatly. Özüňizi alyp barşyňyzdaky tutanýerlilik we paýhaslylyk, mundan beýläk maliýe üstünliklerini, garşy jyns bilen gatnaşyklary we umuman emosional durmuşy kesgitlär.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Ýolbaşçylar we kärdeşler bilen gapma-garşylyklara sebäp bolup biljek duýgular agdyklyk eder. Bu bolsa, abadançylygyň ýaramazlaşmagyna getirer. Häzirki wagtda öňdengörüjilik etjek bolmaň: bu örän howply we erbet güýçleri özüne çekip biler. Suw proseduralary, howuza baryp görmek peýdaly bolar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Uly meýilnamalary we maksatlary durmuşa geçirmek üçin amatly gün. Bu gün möhüm we uly girdeji alyp bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, söýgi gatnaşyklary üçin bu gün gaty bir üstünlikli däl, sebäbi duýdansyz keýpiň üýtgemegi, esassyz melanholiýa, kelle agyry bolmagy ähtimal. Günortany öýde geçirmäge synanyşyň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Geleşikler, nika baglaşmak, girdejileriňizi artdyrmak we uly söwda amala aşyrmak üçin amatly gün. Bu gün meýilleşdirip başlamagyň iň amatly wagtydyr. Ýyldyzlar ileri tutulýan ugurlary kesgitlemegi we hyzmatdaşlaryň ygtybarlylygyna dogry baha bermegi maslahat berýärler. Täze girdeji çeşmelerini işjeň gözlemeli, şol bir wagtyň özünde şübheli tekliplerden gaça durmaly.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Häzirki wagtda telekeçiler kynçylyklara duçar bolup bilerler. Maliýe ýitgileri ýa-da ownuk kynçylyklar ýüze çykyp biler, esasanam täze pikirler töwekgelçilikli bolsa ägä boluň. Günüň ikinji ýarymynda ýakymly romantik duşuşyklar we ýakyn adamyňyz, maşgala agzalary bilen sazlaşykly gatnaşyklar mümkin.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Ujypsyzja jikme-jiklikler bilen ünsüňizi sowmajak boluň we boş gepleşiklerde wagt ýitirmäň. Maddy abadançylyga ýetmäge gönükdirilen seresaply we agyr işler oňyn netijeleri getirer. Häzir elden gidiren zatlaryňyzy geljekde yzyna dolamak gaty kyn bolar. Bu gün şahsy durmuşyňyzdaky käbir ýalňyşlyklary düzetmek üçin ajaýyp mümkinçilik bar.