SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

19-njy dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 19 -njy  dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar bu gün öz başarnyklaryny başgalary dolandyrmak üçin ulanyp bilerler! Emma hamallar muny jedel, buýruk we ş.m. usullar bilen amala aşyryp biler. Şeýle hem hamallar zerur netijäni gazanmak üçin ýuwaş-ýuwaşdan herekete geçip başlarlar. Netijede, islän zadyny alarlar, ýöne gaty köp wagt we güýç gerek bolar welin, ýeňşi ony isleýşi ýaly begendirip bilmez.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar ara alyp maslahatlaşmagy ýa-da çynlakaý söhbetdeşligi meýilleşdirýän bolsa, bu gün olara başga bir adamyň pikirini diňlemek öňküsinden has aňsat bolar. Bu gün sowurlar, ýagdaýa garşydaşyň nukdaýnazaryndan seredip biler we dawany asudalyk bilen çözüp biler. Bu gün sowurlaryň diplomatik ukyplary ýitileşýär we şol bir wagtyň özünde onda paýhas, düşünişmek we duýgudaşlyk uky köpelýär. Bu bolsa, gepleşiklerde we umuman aragatnaşyk gurmak üçin zerur bolan islendik işde üstünlik gazanmagyny üpjün edýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalaryň bu günki ykbaly, başgalara, esasanam ýakynlaryna kömek etmekdir. Olar adamyň durmuşyndaky iň ownuk wakalardan habarly bolmak, oňa ideg etmek, kömek bermek islegi bilen oýanyp biler. Haýsydyr bir adam kynçylyk çekýän bolsa, jöwzalar sabyrlylyk bilen diňläp, psihanalist roluny ýerine ýetirip öz maslahatlary bilen kömek edip bilerler. Esasy zat, idegiň çenden aşa geçmezligidir.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar bilen söweşjek adam bolmaz. Çünki seretanlar dawa-jenjele derek ähki zerur zatlary ulanarlar! Mundan başga-da, towerekdäki adamlar seretanlary höwes bilen synlaýarlar. Olara bu gün bilelikdäki tagallalary talap edýän käbir taslamany hödürlemek ýeterlikdir. Umuman aýdanyňda, jemgyýetçilik işi talap edýän islendik hadysada, seretanlar “eýerde” bolarlar we guramaçy ýa-da parahatçylyk dörediji hökmünde onuň deňi bolmaz!

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Ýyldyzlary esetlere ýakynlary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin wagt sarp etmegi maslahat berýärler – elbetde şeýle problemalar bar bolsa. Wagt bu hereketiň gaty täsirli boljakdygyny subut eder. Ýürekden söhbetdeşlige başlamaga synanyşyň. Soňra munuň goldawa eýe boljakdygyna geň galarsyňyz.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Gündelik işlerde sünbülelerde hiç hili kynçylyk bolmaz. Emma tersine, adamlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin köp wagt we güýç gerek bolar. Bu gün, sünbüleleriň aragatnaşyk mümkinçiliklerini ýitileşdirýär. Ol bu gün diňe bir gürleşmäge däl-de, gepleşiklerde maglumat gözlemäge, myş-myşlary diňlemäge we wakalardan habarly bolmaga hem başarnyklydyr.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün mizanlar üçin köp duşuşyk garaşylýar. Olar meýilleşdirilen we duýdansyz bolup biler. Bu romantiki tanyşlyklar bilen bir hatarda işewür gatnaşyklara-da degişlidir. Esasanam ikinjisi: ýyldyzlar mizanlaryň käbir işleriniň, sözleriniň ýa-da meýilnamalarynyň karýerasyna, jemgyýetdäki ornuna we pul girdejisine täsir edip biljekdigini aýdýarlar. Dogry, bu täsir diňe bir gowy däl eýsem erbet tarapdan-da bolup biler, şonuň üçin mizanlar ähli sözlerine üns bermeli.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Daş-töweregindäki adamlar akraplaryň goldawyna bil baglarlar. Akraplar bolsa, olary üpjün etmäge gaty ukyply bolarlar! Bu gün akraplara özüne bolan ynam we lideriň harizmasy berilýär, şonuň üçin olar adamlaryň islendik meselede sorajak maslahatyna taýyn bolmaly. Hakykatdan-da onuň maslahaty oýlanyşykly bolar, akraplar zatlaryň düýp manysyny görüp bilerler we şol sebäpli-de islendik meýilnamanyň gowşak taraplaryny aňsatlyk bilen hasaplarlar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar özüni dolandyrjak bolýan adamlara seresap bolmaly: bu gün olaryň işjeňligi öňküsinden has ýokary! Umuman aýdylanda, şeýle mümkinçilik bar bolsa, ýyldyzlar kowuslara gününi adamlardan daşda durup geçirmegi maslahat berýärler. Ýogsam, kowuslaryň öz islegine garşy haýsydyr bir täsin işe çekilmegi mümkin. Bu bolsa ýaramaz netijelere eltip biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Gatnaşyklar çydamlylyga synag edilip, täzeden pikirlenmegi talap edýän jedelli gün. Iş kagyzlary ýa-da maddy zatlar bilen işleýän wagtyňyz seresap boluň – ýalňyşlyk ýa-da maliýe ýitgisi bolar. Gyssagly wada bermäň – olary ýerine ýetirip bilmezligiňiz gaty ähtimal.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar şu maksady çynlakaý goýsa, peýdaly we zerur adamlary özüne çekmäge ukyply bolarlar.  Bu gün oňa ajaýyp işewür aragatnaşyk gurmak üçin ähli mümkinçilikler berilýär. Esasy zat, boş oturmazlykdyr. Daluwlar bu gün islendik ýol bilen zerur adamlar bilen gepleşik geçirjek bolmaly. Hiç kim siziň harizmaňyza boýun bolup bilmez.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar üçin bu gün ajaýyp bolar. Olara özlerini ýalňyz duýmak howpy abanmaýar, tersine, töweregindäkiler sözüň doly manysynda olary gününe goýmazlar. Belki, dürli adamlar olary agşamlaryny öz kompaniýalarynda geçirmäge çagyrarlar we hutlar kim bilen wagt geçirjekdigini çözmeli bolar! Umuman aýdanyňda, hutlar, iş wagtynda hem bolsa adamlar bilen islendik aragatnaşykdan kanagat alyp bilýärler.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama