SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

19-njy aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Ýyldyzlaryň adam ykballarynda tutýan orny barada siz megerem bilýän bolsaňyz gerek. Ýyldyzlaryň her günki aýdýan zatlaryny bilmeklik okyjylarymyza peýdaly we gyzykly bolar diýen umyt bilen, size 19-njy aprel gününiň täleýnamaňyzy ýetirýäris.

Bellemeli zat, siz islän ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp ol baradaky maglumatlary has giňişleýin okap bilersiňiz!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Şu gün hamallar her kimden, islän zatlaryny özleri üçin sorap bilerler. Entek özüňiz gowy ýagdaýdakaňyz günäkäriň sebäbini gözlemäň. Ýyldyzlar size iň gyzgyn jedellerde hem özüňizi saklamaklygy maslahat berýär. Bolmasa aýdylan zatlar siziň ýüregiňizi agyrdyp biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlar durmuşyndaky iň uly sowgady alyp bilerler. Gynanja, göwnüçökgünlige ýol bermäň. Dostlaryňyzy, goňşularyňyzy agşamlyga çagyryň we wagtyňyzy şadyýan geçiriň. Sebäbi bu gün sowurlar hemme zat özüne garşy birleşen ýaly duýguda bolarlar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Eger-de kimdir biri eýýäm birnäçe wagt bäri siziň gapyňyzy kakýan bolsa, sizem öýde ýok diýen bahana bilen açmaýan bolsaňyz, bu gün ekizlere şol gapyny açmaklyk maslahat berilýär. Çünki gapyňyzdan diýseň mähriban we päk ýürekli adam girmekligi gaty ahmaldyr. Bu gün ekizler özlerini köşeşdirmegi başarmalydyrlar. Zyýanly endikler saglygyňyza täsirini ýetirer.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Şertnamalara gol çekmeklige gorkmaň, bu gün ýyldyzlar size bähbitliligi, girdejileri we howpsuzlygy güwä geçýär. Eger siz geçmişe “dolanmak” isleseňiz, ilki bilen häzirki wagtda ýanyňyzda bolan adama aýratyn mähir beriň. Bu gün seretanlar özlerini diýseň keýpsiz duýmaklygy ahmaldyr.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esediň bar bolan topary näme bilen meşgullanýan hem bolsa bu gün olar uly şowlulyklara eýe bolar. Goý, ol sport ýaryşy bolsun, ýa döredijilik meýilnamasy bolsun, tapawudy ýok. Eger-de esediň känbir puly ýok hem bolsa, oňa özüniň islegine görä bu gün agşamlyk rahatlanyp, biraz özüne seretmegi maslahat berilýär. Täze, üýtgeşik tagamlary taýýarlamaklyk bu gün esetlere maslahat berilmeýär. Çünki negözel önümleriň zaýalanmagy gaty ahmaldyr.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sünbüleleriň ýüreginde diňe güneş lowurdap durar. Bu bolsa siziň töweregiňizdäkilere hem täsirini ýetirer. Çünki siz öz barlygyňyz bilen beýlekilere şatlyk getirersiňiz. Özüňizi ölçermek üçin gowy gün. Ýönekeýje soraglar-da sizi gyjyndyrmagy mümkin. Eger-de siz özüňiziň we töweregiňizdäkileriň keýpini gaçyrmajak bolsaňyz, adamlara, esasan hem öz çagalaryňyza dogruçyllygyňyzy we sabyrlylygyňyzy saklaň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Şu gün size ýamanlyk isleýän adamlaryň ählisine “jogap berip” bilersiňiz. Ýöne olara ýamanlyk bilen däl-de, gülki, şatlyk, ýylgyryş bilen jogap beriň. Bu zada ol çydap bilmez. Eger-de siziň keýpiňiz gaçjak bolsa, onda bu gün ony öz söýgüli aýdymyňyz bilen aňsatlyk galdyryp bilersiňiz. Mizanlar bu gün täze adamlar bilen tanyşyp bilerler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün akraplar irden gözlerini açanlaryndan düşnüksiz diýseň gowy energiýanyň gelendigini duýarlar. Siz ony hemmetaraplaýyn peýdalanmalysyňyz. Bu gün siz özüňize ýamanlyk isleýänler bilen biraz “oýnaşmaklyga” gorkmaň. Üstünlik siziň tarapyňyzdadyr. Bu gün kiçijek zat hem bolsa, dostuňyza kömek ediň. Bu siziň gatnaşygyňyzy has-da gowulandyrar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar, eger birneme rahatlanmak isleseňiz, islän ýeriňize gidip bilersiňiz, ýöne ýanyňyz bilen iň ýakyn doslaryňyzy almaklygy unutmaň. Kowuslar bu gün özlerine kömek soraýanlara diýseň ünsli garamalydyrlar. Biderek gabanjaňlyk bu gün kowuslara päsgel berer.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Iş günüňiz diýseň çalt geçer we size lezzet berer. Bu gün jediler diýseň hüşgär bolmalydyrlar, esasan hem ýolda. Jediler geçmişdäki söýgülerini ýatlap keýplerini gaçyrmaklary mümkin.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

“Hemme zadyň gowy bolup gutarmagyna-da şükür” – bu gün daluwlar şu pikir bilen ýatarlar. Daluwlara bu gün öz arzuwlaryna ýetirýän sähelçe-de bolsa bir zady etmek peýdaly bolar. Bu gün hiç bir zady ýarty güýç bilen etmäň. Çünki soňundan özüňiziň kösenmegiňiz diýseň ähtimaldyr.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün balyklar özlerini birneme birahat duýup bilerler. Bu agşamlyk hutlar öň hiç haçan bolmadyk ýerlerine barmaklary gaty ahmaldyr. Hutlar bu gün durmuşda işden başga-da köp zatlaryň bardygyny ýatlaryna salmalydyrlar.

Agardyjy bentonit topragynyň ösümlik ýag önümçiliginde ähmiýeti

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama