SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

18-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 18 -nji  noýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar, siziň ýagdaýyňyzyň kyndygy hakykat. Emma haçana çenli ýüregiňizi agyrdyp ýörersiňiz? Ýaramaz duýgularyň akyl, duýgy we beden saglygyňyza zyýanly täsir edýändigini biliň. Ähli kynçylyklardan dynmak üçin meditasiýa bilen meşgullanyň: gözüňizi ýumuň, birneme uludan dem alyň we wagtyňyzy asuda geçiriň. Dynç almagy ýatdan çykarmaň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar, durmuşymyzdaky käbir zatlar hakykatdanam öňünden kesgitlenendir. Şeýle-de bolsa, wakalaryň ugruny üýtgetmäge we öňünden meýilleşdirilen ugurdan sowulmaga mümkinçilik berýän erkiň güýjüni ýatdan çykarmaň. Drama oýnamagy bes ediň. Hiç kim size mätäç däldir. Özüňizi ele alyp, başyňyzy ýokary tutup ýoluňyzy dowam ediň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar, azajyk erkinlik hiç kime zyýan bermeýär. Güýçlüdigiňizi we garaşsyzdygyňyzy görkezmegi bes ediň. Garşy jynsyň wekillerine üns bermegiň wagty geldi. Häzirki wagtda diňe bir ygtybarly ýoldaş däl, eýsem hakyky ýürekdeşiňizi tapyp bilersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar, biraz köşeşiň. Durmuşda uly aýlyk almakdan-da has möhüm zat bar. Diňe iş bilen gyzyklanmagyňyz durmuşyňyzyň beýleki ugurlaryna ýaramaz täsir edip biler. Häzir ähli zady deňagramly saklamak möhüm. Häzir ejeňiziň tagamyny dadyp görmekden ýa-da dostuňyzyň gyzykly hekaýalaryny diňlemekden gowy zat ýok.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler, ynançlaryňyza we pikirleriňize üns beriň. Döredijilik potensialyňyzy durmuşa geçirmegiňize päsgel berýän stereotipleri taşlamaga synanyşyň. Halaýan zadyňyzy edip başlasaňyz, arzuw edenleriňiziň hemmesine, şol sanda karýeranyň ýokary basgançagyna çykmagy başarjakdygyňyza tiz wagtdan düşünersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler, bu gün ýyldyzlar size bir gün synlamagy maslahat berýärler. Ýalňyşlyklaryňyzy düzetmegi we olardan netije çykarmagy başarsaňyz, abraýyňyzy ýokarlandyrmak we daş-töweregiňizdäki adamlaryň öňünde öz ornuňyzy berkitmek üçin hakyky mümkinçilik alarsyňyz. Ähtimal, bu gün işjeňligiňiziň has köpelýändigini duýarsyňyz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar, siz her gün düşegiňizden turanyňyzda täze durmuşa başlamak hakynda pikir edýärsiňiz. Ýöne haýsydyr bir zat meýilnamaňyzy durmuşa geçirmäge päsgel berýär. Ilki bilen durmuşyňyza ownuk üýtgeşmeler girizmäge synanyşyň. Mysal üçin, täze türgenleşik programmasyny düzüň we her gün maşk edip başlaň. Daşky keşbiňize öňünden üns berseňiz soň özüňize minnetdar bolarsyňyz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar, siz häzir düýş görýän ýaly duýýan bolsaňyz-da, ony ýerine ýetirjek boluň. Her niçigem bolsa bu gün hiç hili öndürijilikli iş edip bilmersiňiz. Çünki aňyňyz sizi diňe hyýallar dünýäsine çekmäge synanyşar, şonuň üçin uly ünsi talap edýän islendik iş wagty bilen ýerine ýetirilmez.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar, ýaşamana öýüňiz, tabakda iýmit we iň bolmanda sizi söýýän birnäçe adam bar bolsa, siz eýýäm bagtlysyňyz. Käwagt biz muny ýatdan çykarýarys, emma şu kiçijik zatlar durmuşymyzy kesgitleýär. Eýýäm bar bolan zatlaryňyza sag bolsun aýtmagy başaryň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler, beýleki adamlary howlukdyrmaň. Karar bermek üçin wagt gerekdigini bilseňiz, olara mümkinçilik beriň. Şol bir maksada ýetmek üçin işleýändigiňiz, elmydama bir pikirde boljakdygyňyzy aňlatmaýar. Başga-da köp zatlary, şol sanda töweregiňizdäkileriň pikirlerini nazara alyň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar, öz garaşýan zatlaryňyz durmuşa geçmese näme etmeli? Her gezek ýakyn adamyňyzdan belli bir zada garaşýarsyňyz. Emma öz garaşyşyňyza ters hereket edilse gaharlanýarsyňyz. Ýadyňyzdan çykarmaň, bu durmuşda hemme zady meýilleşdirmek mümkin däl. Käwagt ýagdaýa görä uýgunlaşmak zerurdyr.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar bu gün adatdakysyndan aşa duýgur, emosional we gaharly bolmagyňyz mümkin. Şunuň bilen baglylykda, möhüm amallaryň netijesini we iş meselelerini çözmegi yza süýşürmek maslahat berilýär. Bu gün pikirleriňiziň ýalňyş çykmak ähtimallygy ýokarydyr.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama