Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda ýurdumyzyň türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän milli ýörelgeleri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsiniň özenini düzýän parahatçylyk, watansöýüjilik, adamkärçilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk kadalaryna esaslanýan, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen içeri we daşary syýasaty barha dabaralanýar.
Türkmen diplomatiýasynyň hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn ösüş ugurlarynda, Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolýar. Her ýylyň 18-nji fewralda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününiň, ýagny hünär baýramçylygynyň bellenmegi hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda asylly däbe öwrüldi. Bu hünär baýramçylygy diplomatik işgärleri döredijilikli işe, diplomatik netijelilige ruhlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, “Diplomatik gulluk hakynda” hem-de “Diplomatik derejeler hakynda” Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Bu kanunlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdirilmeginde diplomatiýanyň dabaralanmagyny şertlendirýär. Şeýle hem, kanunlar Türkmenistan döwletiniň milli bähbitlerini dünýä ýaýmakda anyk wezipeleri we borçlary özünde jemleýär hem-de Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Bu hukuk namalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň ýokarlanmagynyň, hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, halkara we döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleriň ygtybarly goraglylygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň oňyn we döredijilikli halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ykrar edilmegi halkymyzyň milli mirasynyň düzüm bölegi bolup durýan türkmen diplomatiýasynyň milli ýörelgeleriniň ählumumy halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bilen utgaşyp, ösüşlere beslenýändigini tassyklaýar. Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunlar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny has hem kämilleşdirmekde we ýurdumyzyň halkara giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýelemekde täze sepgitlere ýetmek üçin hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan taryhy jähetden diýseň gysga wagtyň içinde halkara gatnaşyklar ulgamynda öz mynasyp ornuny tapmagy başardy. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 155 ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy, 50 töweregi iri halkara guramalaryň agzasydyr we olaryň sany artmagyny dowam etdirýär. Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, häzirki wagtda energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl» ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ähmiýetli ugurlarda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertler döredilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Diplomatik protokoly” täze okuw merkezi açyldy. Ýöriteleşdirilen okuw merkezi, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda gol çekilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda döredildi. Täze merkeziň esasy maksatlary, bilim pudagynda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara gatnaşyklary ulgamynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edip biljek halkara ülňülerine laýyklykda ökde diplomatik işgärleri taýýarlamakdyr.
Bilşimiz ýaly, şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli dünýäniň iň iri jemgyýetçilik guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi berkarar Diýarymyzyň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmek boýunça ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan umumadamzat bähbitli işlere halkara derejesinde goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasydyr.
Gülnur Hojaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.