SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

17-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ykbalyň bagt ýyldyzynyň size nämeler diýýändigini bilesiňiz gelse, 17-nji sentýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Şu günki täleýnama hamallara bir maksady kesgitlemegi maslahat berýär: käwagt netijä gelmek prosesi netijäniň özünden-de has möhümdir. Dostlaryňyz bilen aragatnaşyk gurmakda kynçylyk bolup biler. Özüňize hormat goýdurmak islegiňiz we tekepbirlik, ulumsylyk etmegiňiz aragatnaşygyňyza sowuklyk getirer.

 

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Gymmatlyklara, ruhy gözleglere bu gün täzeden baha bermeli bolarsyňyz. Emma bu käbir ýagdaýlarda, durmuş güýjüňizi dogry ugrukdyrmak ukybyňyza ýaramaz täsir eder. Häzirki wagtda yhlasly bolmazlyk we haýsydyr bir dawa-jenjellere goşulmazlyk has gowudyr. Sebäbi onuň netijeleri agyr bolup biler.

 

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Zatlara standart däl dünýägaraýşyňyz, käbir üýtgeşiklikler we hökümleriň ýitiligi ýolbaşçylaryňyzdan nägilelige ýa-da kärdeşleriňiziň gaharyny getirip biler. Köp kynçylyklara eltip biljek tertipsizligi we özüňize bolan ynamy ýok etmäge çalşyň.

 

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Işde ýa-da öýde kyn päsgelçilikleri ýeňmeli bolmagyňyz sebäpli nerw bozulmalary mümkindir. Jogapkärçiligiňizi duýuň. Şahsy durmuşyňyzy gowulaşdyrmak mümkinçiligi bar bolsa, ony elden gidermäň, çünki planetalar size juda ýakyn wagtlarda uly şowlulyklary wada berýärler. Öz we töweregiňizdäki adamlaryň duýgularyny seljermek ukybyňyz ýokarlanar. Bu gün siz özüňizi aýratyn rahat duýmak islärsiňiz. Pensiýa çykmak mümkinçiligiňiz bar bolsa, ondan peýdalanyň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Gün her dürli garaşylmadyk zatlardan doly bolup biler. Siziň işjeňligiňiz, jogapkärçiligiňiz we hyjuwyňyz maddy abadançylygy berkitmek üçin amatly şertleri döredip biler – esasy zat pursatyňyzy elden gidirmezlikdir. Arzuwlaryňyzy, hyýal-niýetleriňizi içiňizde saklajak boluň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu güni uzak möhletli durmuş meýilnamalaryna möhüm düzedişler girizmäge bagyşlarsyňyz. Tanyşlar we hyzmatdaşlar bilen duşuşmakdan saklanmaga synanyşyň. Hut şu gün täze tanyşlaryň ýaramaz netijeleri bolar. Nagt maýa goýumlaryndan-da gaça duruň – häzir ol peýda getirmez.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Daş-töweregiňizdäki adamlar bilen gatnaşyklary aýdyňlaşdyrmagyňyz mümkin. Ýan-ýoldaşyňyzyň buýsanjyna zyýan ýetirmezlik, gabanjaňlyk ýa-da göriplik döretmezlik üçin, tötänleýin bellikleri ýüregiňize almajak boluň we öz gezegiňizde aragatnaşykda gaty seresap  boluň. Bolmasa, ýoldaşyňyzyň göwnünde degmegiňiz mümkin.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Ýakynlaryňyza has köp üns beriň. Daş-töweregiňizdäki adamlara hemişe söýgini we hormaty bildirip bilersiňiz. Ähli gapma-garşylyklaryň sebäbi, duýgularyň ýüze çykmagynda özüňizi saklamagyňyzdyr.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Inçe diplomatiýa we ýagdaýy dogry seljermek ukyby şu gün ähli aragatnaşyklarda kömekçiňiz bolar. Işde kopleri geň galdyryp biljek zatlary edip bilersiňiz. Esasy zat, göriplik etmekden saklanyň. Bu diýseň erbet häsiýetdir.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ahli tarapdan diýseň amatsyz gün. Uzak gezelençlerden, syýahatdan gaça duruň. Gödek bolmaň. Bu gün siziň ýalňyş garaýyş sebäpli kop kynçylyklar  bilen çaknyşmagyňyz mümkindir. Ýalňyzlyk, ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk günüň negatiw meýillerini azaltmaga kömek eder.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Ykbal henizem sizi güýçlülikde synag edýär. Etmäge mejbur boljak zatlaryňyz barlyşyksyz bolar. Häzirki wagtda işde kynçylyklar, kärdeşleriňiz bilen ownuk çaknyşyklar bolup biler. Gyssagly wada bermäň. Hemme zady gowy pikirlenip ýerine ýetiriň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün şahsy we jemgyýetçilik durmuşyňyzyň gyzykly wakalardan doly boljakdygyny ýyldyzlar wada berýär. Durmuş potensialyňyz şu gün iň ýokary derejede bolar, ýöne diňe öz mümkinçilikleriňize baha berseňiz üstünlik gazanyp bilersiňiz.

“Google” 3 ýurdy birleşdirýär

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama