Hormatly okyjylarymyz!
Mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky maglumatlary giňişleýin okap bilersiňiz.
Nagt we nagt däl söwdalaryny amala aşyrmakda kynçylyklar bolup biler. Özüňiziň tutan maksadyňyza ýetmekde maksadaokgunlylygyňyzy görkeziň. Bu gün çynyňyz bilen hereket etseňiz siziň öňüňizde hiç hili böwet bolup bilmez. Bu gün karz almak üçin amatly wagt däl. Maliýe resminamalaryna aýratyn üns beriň!
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowur zenanlarynyň şu gün bir üýtgeşik, ýatdagalyjy duşuşygy bolar. Ýyldyzlar ikiýüzlilik bilen, ýalandan görkezilýän edep-terbiýäniň ýakynlaryňyzy özüňizden daşlaşdyryp biljekdigini duýdurýarlar. Aýralyk we aragatnaşygyň käbir sowuklygy sowur erkeklerini şahsy durmuşynda negatiw üýtgeşmelere alyp barar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Häzirki wagtda diňe işjeň hereket etmegi we esassyz töwekgelçiligi talap etmeýän adaty zatlary etmek has gowudyr. Ýaramaz netijelere getirjek möhüm kararlar bermeli däl. Öz pikirleriňizi goramaklygy başarmalysyňyz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ähtimal, bu gün size tarap aýdylýan köp gowy sözleri eşidersiňiz, bu elbetde ýakymly bolar. Seretan aýal-gyzlarynyň jemgyýetde şöhle saçmagy ýa-da taslamalaryna täze ýaranlary çekmegi mümkin. Seretan erkekler täze girdeji çeşmesini tapmaga mümkinçilik berýän habarlary alarlar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Şu gün söwda edeniňizde seresap boluň – kezzaplyga duçar bolmak ýa-da pul ýitirmek ähtimallygy ýokarydyr. Şeýle hem, bazara gitmekden, et iýmitlerini we alkogolly içgileri içmekden ýa-da saglygyňyzy kynlaşdyrjak ýagdaýlardan gaça durmaly. Daşarda has köp wagt geçirmäge synanyşyň. Tokaýda, deňizde, çeşmäniň başynda wagt geçirmek bu wagt has ýakymly we peýdaly bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün siziň şähdiňiz diýseň gowy bolar. Töwerekdäkileriň hemmesi owadan we şadyýan ýaly görüner. Umuman, bu gün bagtyň özi siziň eliňize ýüzer. Häzir esasy zat, ony gorkuzmazlykdyr. Munuň üçin Puşkiniň ertekisindäki garry aýalyň ýalňyşlyklaryny gaýtalamaň – bir söz bilen aýdanyňda, köp isläp azdan galmajak boluň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Akraplar üçin indi rahat dynç almagyň wagty geldi: uklamak, parahat ýagdaýda gazetleri okamak, çagalar bilen gyzyklanmak, iň ýakyn dostlaryňy çagyryp oturmak bu gün size aýratyn lezzet berer. Umuman, häzirki wagtda energiýany tygşytlaýan režimde durmuşdan lezzet alýarys.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün siz biraz ýaramaz keýpde bolarsyňyz. Muňa iň bärkisi howanyň ýaramazlaşmagy-da sebäp bolup biler. Ujypsyzja kynçylyklara üns bermäň we edýän işleriňizden ýadamaň. Şonda gün gaty gowy bolar. Daş-töwerekdäkiler ýumşak söz bilen aýdanyňda, özlerini gatybir gowy alyp barmaýarlar – şonuň üçin olardan daşda duruň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Gatybir hemmetarapdan öňe saýlanjak bolmaň. Çünki bu gün öň hatardakylaryň pida bolmaklygy-da ähtimaldyr. Günüňizi asuda we parahat ýagdaýda geçirjek boluň. Saglygyňyza üns beriň. Ýyldyzlar şu günki agşamlygy maşgalaňyz ýa-da ýakyn adamyňyz bilen bir ýere gidip geçirmegi maslahat berýär.