SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

17-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Ýyldyzlaryň size aýdýan zatlaryny bilesiňiz gelse, size 17-nji awgustdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Şeýle-de, mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Erbet kelleagry, saglygyňyz bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bolmagy ahmal. Diýseň köp maliýe ýitgileriň, ogurlyklaryň bolmagy-da mümkin. Haýsydyr bir täze zada başlamak bu gün maslahat berilenok. Çünki bu ýagdaýda işiňiziň şowsuz tamamlanjagy ikuçsyzdyr. Ähli syýahatlaryňyzy, gezelençleriňizi soňa goýuň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün siziň köpden bäri bolup bilmedik şähdaçyklygyňyz açylar. Siziň öňdengörüjiligiňiz we mertligiňiz üstünliklere ýetirer. Söýgi meselesinde-de size şowlulyklar garaşýar. Çünki siz öz çakdaçyklygyňyz we durmuşa bolan söýgiňiz bilen köpleriň ünsüni çekmegi başararsyňyz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Kimdir biriniň irdenden siziň tutuş gündäki keýpiňizi bozmagyna taýyn boluň. Günüň birinji ýarymyna hiç hili duşuşyklary we gezelençleri bellemejek boluň. Uly duýgy basyşyndan ýaňa size garyndaşlaryňyz we ýakynlaryňyz bilen dil tapyşmak aňsat bolmaz. Erbet keýpiňizden sizi diňe  degişgenligiňiz halas edip biler. Gowy dynç almak we süýji uky size ýene-de şähdaçyklygy gaýtaryp berer.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Siz üçin söwda etmeklige we täze başlangyçlary başlamaklyga oňaýly wagt dowam edýär. Käriňizde duýdansyz öňegidişlikleriň bolmagy ahmal. Bu wagt size goldaw diýseň gerekdir. Dostlaryňyzyň kömeginden peýdalanyň, bolmasa üstünlik gazanyp bilmersiňiz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Özüneçekijiligiňizi öz peýdaňyza ulanyň. Bu gün siz diýseň köp meseleleri birbada çözmeli bolmagyňyz ahmal. Ýolbaşçylara ýa-da dolandyryjy guramalara ýüz tutsaňyz üstünlik gazanarsyňyz. Ýöne öz maksatlaryňyzy içiňizde saklaň, bolmasa, günüň ikinji ýarymynda bar başlangyçlaryňyzyň puja çykmagy mümkin.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Günüň birinji ýarymy size gynanç we lapykeçlik getirmegi mümkin. Köp sünbülelere öýlerindäki ýaşuly nesliň bolmagyna we olaryň gutarnyksyz maslahatlaryny diňlemeklige çydamaklyk kyn bolar. Günüň ikinji ýarymynda üýtgeşiklige garaşyň. Söýgi gatnaşyklarynyň ýa-da dostlugyň täze mümkinçilikleri açylar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün siz çygryňyzdan biraz çyksaňyz özüňizi has bagtly duýarsyňyz. Ýyldyzlar size aýdylýan öwgüli sözleri arkaýyn, lezzet bilen kabul etmekligi we ynanmazçylyk etmezligi maslahat berýär. Zenan mizanlar täze tanyşlyk açmaklary ahmal. Olaryň özlerini has gowy tarapdan görkezmeli wagty geldi. Erkek mizanlarda bolsa, şowsuzlyklaryň bolmagy mümkin. Olar garyndaşlary bilen gatnaşyklary kynlaşdyrmagy ahmal.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Umuman alanyňda gün diýseň gowy geçer. Döredijilik bilen meşgullanýan akraplara üstünlik garaşýar. Olar öz zehinini doly açyp, islän zatlaryny amala aşyryp bilerler. Söhbetdeşine ünslülik olara köp zatlara dogry baha bermäge we pikirlenmäge kömek eder. Ýyldyzlar akraplara bu gün hemişekisinden has paýhasly bolmaklygy maslahat berýär.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Günüň birinji ýarymy gowy bolar. Emma günüň ikinji ýarymynda maşgala bilen baglanyşykly meseleler birinji orna geçer, köp güýjüňizi alar we çykdajylary çykarmaga mejbur eder. Siz otrisatel emosiýalardan aýrylmaklyga ýiti mätäçlik çekersiňiz. Tebigat bilen gatnaşyk etmeklik maslahat berilýär.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün jedilere metjitlere gitmeklik, Hudaýýoly bermeklik we mätäçlik çekýänlere kömek etmeklik maslahat berilýär. Ruhubelentlik we öňdengörüjilik diýseň uly orun tutýar. Günüň ikinji ýarymynda size ýygjam we paýhasly bolmaklyk maslahat berikýär. Geçmişe nazar aýlap, dogry netije çykarjak boluň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün öz aýdýan sözleriňize we edýän hereketleriňize üns beriň. Özüňize çakdanaşa göwnüňiziň ýetmekliginden we dogruçyl berlen tankyda ýaman göz bilen garamakdan gaçyň. Günüň ikinji ýarymynda sizi maşgala işlerine girmäge mejbur etjek habaryň gelmegi ahmal. Çagalaryň kynçylyklary bilen baglanyşykly ýaramazlyklaryň bolmagy ahmal.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün netije çykarmak, iri söwda etmek, gozgalmaýan emläk edinmek, nika baglanyşmak üçin gowy gün. Günüň birinji ýarymynda aljyraňňylyk we ynamsyzlyk kiçijek şowsuzlyklaryň sebäbi bolup biler. Emma soňra siz özüňizi dürsäp we ýakyn geljekdäki meýilnamalaryňyza taýýarlap bilersiňiz. Şeýle-de bu gün remont etmek, käbir zatlary üýtgetmek üçin gowy gündür.

Derňew meselelerinde ýüze çykýan soraglara jogaplar (dowamy)

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama