Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Diýarymyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherinde bag ekmek dabaralary guralar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýew hasabat berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti däp bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýyl özboluşly ekologiýa çäresi bolan bag ekmek dabarasynyň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz 16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýändigini belläp, degişli resminama gol çekdi.
