Hormatly okyjylarymyz!
Mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky maglumatlary giňişleýin okap bilersiňiz!
Maliýe ýagdaýyňyzy wagtlaýyn gowulaşdyryp bilersiňiz. Dynç günleriňizi nädip geçirjekdigiňizi pikir ediň, sebäbi olar siziň üçin gaty möhüm bolup biler. Ýyldyzlar syýahata gidýänlere seresap bolmaklygy maslahat berýärler, sebäbi şikesler, ýanmalar we zäherlenmeler bolup biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Hünär işiňiz bilen baglanyşykly duşuşyklar we saparlar gowy miwe berer. Kynçylykly ýagdaýlara düşmezlik üçin diňe seresaplylyk bilen meýilleşdirilen işlere başlamaly. Saglygyňyza, iýmitiňize üns beriň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Maglumatlar bilen işlemek, gepleşikleri geçirmek üçin gowy gün. Duýgularyň gözegçilikden çykmagyna ýol bermeli däldir. Ýaramaz gahar-gazaplardan gaça duruň. Ol siziň aklyňyzyň saglygyny ýok edýär.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Dawa-jenjelden gaça duruň, ýogsam hüjümleriň we gödek degişmeleriň nyşanyna öwrülip bilersiňiz. Keýpiň üýtgemegine ýa-da impulsly kararlara boýun egmezlige çalşyň. Özüňizi dürsäň we ynamly hereket ediň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Durmuş ýörelgeleriňizi we ideallaryňyzy goramaga taýyn boluň. Öýden uzak gitmek, adamlar bilen aragatnaşykda, köpçülikde köp wagt geçirmek maslahat berilmeýär. Bu gün gyzykly başdan geçirmeler bolup biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Amatsyz gün, durmus potensialynyň peselmegi mümkin. Bu güm siz arkaýyn dynç alyp bilmersiňiz. Ähli inisiatiwany öz eliňizde saklamaga synanyşyň. Öz-özüňi goramak üçin ösen instinkt, töweregiňdäki adamlar bilen gatnaşyklary tertipleşdirmekde egoistlige we rehimsizlige sebäp bolar. Ähli şowsuzlyklaryň sebäbini ilki bilen özüňizden gözlemelidigini ýatdan çykarmaly däldir. Özüňizi has tankytlaň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Durmuş potensialynyň ýokarlanmagy bilen bellenen amatly gün. Başlanan iş üstünlikli tamamlanar. Işewür hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk saklamakdan ep-esli peýda gazanyp bilersiňiz, ýöne diňe sypaýy we asuda bolsaňyz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Sizde bu gün hyzmatdaşlaryňyzy bahalandyrmakda ýalňyş düşünjeler bolup biler. Bu gün ýitgi getirjek özüne çekiji tekliplerinden ýüz öwüriň. Hünär işi adatdakysyndan has köp zähmet talap eder. Bu gün üçin hereket meýilnamasy we taktikasy barada anyk we düýpli pikirleniň. Şahsy durmuşyňyzda häzirki wagtda ýyldyzlar siziň üçin möhüm bir zady çaklamaýarlar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün kölegede galyp, size garşy gizlin meýilnamalary we dildüwşükleri paş etmek üçin ajaýyp mümkinçilik alarsyňyz. Belki, edilen işden kanagatlanarsyňyz. Emma gahar-gazap we agressiwlik saglygyň ýaramazlaşmagyna täsir edip, ilki bilen size zyýan berjekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.