Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 16 -njy noýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Maksatlaryňyzdan dönmän, soňuna çenli hereket etseňiz, bu gün amatly bolar. Hiç zatdan gorkman hemme zady ahyryna getiriň. Soňunda özüňiz begenersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün, esasanam ýolbaşçylar bilen gepleşiklerde sözleriňize üns bermeli. Gerekli ýerinde dymmagy başarmaly. Eger-de siz artykmaç meseleleriň döremegini islemeýän bolsaňyz, saklanmagy we giň bolmagy başarmaly bolarsyňyz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün sizi uzak wagtdan bäri biynjalyk edýän meseleleri çözüp bilersiňiz. Suze ähli meselelere döredijilikli çemeleşmek maslahat berilýär. Eger-de gönümel bolsaňyz we ähli zady geldi-geçer etseňiz, gowy bolmaz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň birinji ýarymy sizden guramaçylyklylygy we yhlasy talap eder. Sebäbi ol wagt siz resminamalar bilen iş salyşmaly bolarsyňyz. Emma agşamlygy rahat ýagdaýda dostlaryňyz bilen geçirip bilersiňiz.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Wagtyňyzy we güýjüňizi nädip dogry peýdalanmalydygyňyzy öwrenseňiz, gysga wagtyň içinde dawa-jenjelsiz ýaşap biljekdigiňize düşünersiňiz. Giň boluň we hiç kim bilen uruşmajak boluň. Siz sene-mene etmegi gowy görýärsiňiz. Bu ýagdaýdan dynmak zerur.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler, esasan hem zenanlar bu gün kimdir biri bilen dawa girip bilerler. Emma bu uly mesele bolmaz, ýönekeý, möhüm däl konflikt bolar. Bilip goýuň, ähli aýallar käwagt dawa etmegi halaýarlar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Mizanlaryň söýgi durmuşynda üstünlikler garaşýar. Ertir ýoldaşyňyzdan garaşylmadyk teklip alyp bilersiňiz. Bolýan zatlaryň hemmesinden gaty hoşal bolarsyňyz. Esasy zat, ýalňyş hereket etmezlikdir.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu güni öz hakykatdan-da gowy görýän adamyňyz bilen bile geçirip bilersiňiz. Bile aýlanyň, teatrlara, seýilgählere gezelenç ediň. Söýgüli adamyňyz bilen wagt geçirmek size oňyn duýgulary getirer. Bu duýgular bolsa uzak wagtlap siziň ýadyňyzdan çykmaz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Hünärmenler öz duýgyňyzy diňlemegi we ykbalyň alamatlaryna üns bermegi maslahat berýärler. Dünýe siziň tarapyňyzda bolar we islendik meseläni çözmäge kömek eder.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Ertir ähli meýilnamalaryňyzy, hatda iň kynlaryny-da durmuşa geçirip bilersiňiz. Esasy zat gorkmazlyk we batyrgaýlyk bilen öňe gitmekdir. Durmuşda siziň ýeňijidigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Öňüňizde täze gapylar açylyp bilner. Ol gapylar size has üstünlikli bolmaga, baýlaşmaga we täze statusa eýe bolmaga mümkinçilik berer. Maliýe ýagdaýyňyz ep-esli gowulaşar. Esasy zat, ýaltanman zähmet çekmek gerek.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün çynlakaý ýalňyşlyk goýberip bilersiňiz. Şinuň üçin, ägä boluň. Ýyldyzlar size has ünsli bolmagyňyzy maslahat berýär. Kynçylyklardan gaça durmagyň ýeke-täk usuly ýedi ölçäp bir kesmekdir.