Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Bu gün energiýa potensialyňyz ep-esli artar. Belki, meýilnamaňyzy durmuşa geçirip bilersiňiz. Emma, global maksatlary kesgitlemegiň hajaty ýokdur. Töwekgelçilikli işlerden we söýgi meselelerinden, artykmaç ýüklemekden ýa-da gereksiz töwekgelçiliklerden gaça duruň. Dowamly keselleriň güýçlenmek ähtimallygy bardyr.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Döredijilik işjeňligi, maglumat alyşmak we iş tejribesi üçin amatly gün. Bu gün, şahsy durmuşyňyzyň gyzykly wakalardan doly boljakdygyny wada berýär. Ýakynlaryňyzyň kömegine bil baglap bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, wakalar isleýşiňiz ýaly ösmejek ýaly görüner. Durmuşdan kepilliklere we durnuklylyga garaşmaly dälsiňiz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün emosional depressiýa we ünsüňizi sowmak bilen tapawutlanar. Özüňize aşa ynamdan, haýran galmakdan we ýerlikli tankytlara negatiw garaýyşlardan gaça duruň. Ýakyn geljekde diňe öňdengörüjilikli we paýhasly hereketleriňiz üstünlik gazanyp biler. Ýakynlaryňyza aýratyn üns beriň, sebäbi gabanjaňlyk we gödeklik sebäpli hyzmatdaşlaryň arasynda belli bir düşünişmezligiň bolmagy mümkindir.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň birinji ýarymynda aragatnaşykda ylalaşyksyzlyk, hyzmatdaşlaryň agressiýasy we problemalaryň hiç zat ýok ýerden ýüze çykmagy ähtimal. Hyzmatdaşlara garaşýan zatlaryňyzy we nägilelikleriňizi dogry bildirmäge synanyşyň. Şeýle etmek bilen siz islendik kynçylyklardan çykalga tapyp bilersiňiz. Ýeterlik derejede özüňize gelen bolsaňyz, günüňizi dogry meýilleşdiriň, günortanlygyňyz rahat we asuda bolup biler. Ähli kynçylyklary sarkazm we diplomatiýa ýoly bilen ýeňip geçmäge synanşyň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Kyn gün. Hünär işjeňligi ugrundaky islendik hereket amatsyz bolar. Saglygyňyzy goramak we şahsy işler etmek has gowudyr. Dostlaryňyzyň we garyndaşlaryňyzyň kömegine bil baglamaň. Diňe özüňize bil baglaň. Düýşleriňiziň amala aşmak ähtimallygy ýokarydyr.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Döredijilik işini açmak maksady bilen döwlet edaralary ýa-da jemgyýetçilik guramalary bilen habarlaşmak üçin amatly gün. Ýagşylyk, güýjüňiziň artmagy, garaşylmadyk sowgat almagyňyz mümkin. Halaýan işiňizden, çagalar bilen aragatnaşykdan lezzet alarsyňyz. Düýşüňiziň amala aşmak ähtimallygy ýokarydyr.
Şahsy ýa-da köpçülikleýin döredijilik duşuşyklary üçin amatly gün. Günortanlygy açyk howada geçirmäge synanyşyň, seýilgähde gezelenç ediň. Soňundan ökünjek hökümlerden we sözlerden gaça duruň. Ýyldyzlar söýgi işlerinde töwekgelçilik etmegi, çakdan-aşa gabanmagy maslahat bermeýärler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Ösüşiň täze basgançagyna üstünlikli geçip bilersiňiz. Ýakynlaryňyzyň goldawy we düşünmegi bilen köp meseläni çözüp bilersiňiz. Bilelikdäki dynç alyş çäreleri maşgalada özara düşünişmegi we agzybirligi güýçlendirer. Alçaklygyňyz, özüňize bolan ynamyňyz we mümkinçilikleriňiz artyp biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Özüňizi has tankytlaň, ýakynlaryňyza eden biwepalygyňyzdan toba etmeli bolmagyňyz mümkin. Çeýeligi we sahylygy görkeziň: boýun egiň, hyjuwlaryň sizi gapma-garşylyga getirmegine ýol bermäň, gödek sözlerden ýa-da ýokary ses bilen gürleşmekden gaça duruň. Çagalara üns beriň. Olar bilen aragatnaşyk ýitiren energiýa potensialyňyzy dikelder.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Gowy gün. Söwdalar amatly we şertnamalaryň geljegi uly bolar. Durmuş potensialyňyz artar. Kärdeşler, ýolbaşçylar bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmak, dostlaryňyz we ýakyn adamlaryňyz bilen aragatnaşykda asudalyk mümkin. Köp şatlyk getirjek oturyşyklaryň bolmagy mümkin. Günüň ikinji ýarymynda özüňizi ýumşak duýup bilersiňiz. Ýatmazdan ozal gezelenje çykmaga, ýyly hammama çümmäge ýa-da gijelerine bir käse ýyly süýt we bal içmäge synanyşyň.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Bu gün uly söwda etmek, nika baglaşmak üçin amatlydyr. Güýjüňizi, wagtyňyzy we puluňyzy ýitirmezlige çalşyň. Ýogsam, durmuş potensialyňyz ep-esli azalar. Öz saglygyňyz ýa-da ýakynlaryňyzyň saglygy bilen baglanyşykly kynçylyklar ähtimal.
Gowy gün. Bu gün durmuşy, döredijiligi, duýgurlygy ýokarlandyrmak meýli bilen tapawutlanar. Dynç alyşlary, syýahatlary we iş saparlaryny meýilleşdirmek üçin amatly döwür dowam edýär. Belki, şu gün siz çözüp bolmajak ýaly görünýän meseleleri çözüp bilersiňiz.