Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Hünär işjeňliginde şowsuzlyklar, käbir depressiýa, pessimizm bolup biler. Durmuş potensialynyň peselmegi sizi uzak möhletli meýilnamalary düzmäge ýa-da işiňizi üýtgetmäge mejbur eder. Edil häzir ýüregiňizi däl-de beýniňizi diňlemeli wagtyňyzdyr. Pikirleriňizi logika bilen barlaň, dostlaryňyz we maşgalaňyz bilen maslahatlaşyň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün siziň işleriňiz diýseň köp bolar. Garyndaşlaryňyz we ýakyn dostlaryňyz bilen aragatnaşyk saklanyňyzda gaty seresap we öňdengörüjilikli boluň – gapma-garşylyk, dawa-jenjel bolup biler. Bagyşlamaklyk, käbir zatlara göz ýummak başarjaňlygyňyz size täze zatlarda üstünlik gazanmaga güýç-kuwwat berer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Şu günki täleýnama, durmuşyňyzda negatiw rol oýnajak täze tanyşdan ägä bolmagy maslahat berýär. Garaşylmadyk jedel ýagdaýy gyzdyryp biler ýa-da siziň peýdaňyza çözülmez. Çynyňyz bilen arzuw ediň. Siziň arzuwyňyzyň ýakyn wagtlarda amala aşmagy gaty ahmaldyr.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ýyldyzlar, islendik işde dogruçyllygy baş ýörelge edinen, çuňňur duýguçyl we emosional raklara köpçülik tarapyndan ykrar edilmegini, üstünlik gazanmagyny kepillendirýär. Arzuwlaryňyzyň juda ýakyn wagtda amala aşmak ähtimallygy ýokarydyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün iş saparlary, söwdalar, nika baglanyşmak, amallary amala aşyrmak üçin diýseň amatsyz. Bu günüň negatiw meýilleri, geljege bolan garaýşyňyza çynlakaý täsir edip biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Gozgalmaýan emläk we mebel söwdalaryndan başga söwda üçin gowy gün. Şahsy durmuşda kynçylyklara üns bermeli däl. Açyk söhbetdeşlik dartgynlygy aýyrmaga kömek edip biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Kyn we howply gün. Keýpiňizi düýpli bozup biljek ýa-da töweregiňizdäki käbir adamlar bilen gatnaşyklaryňyza täzeden garamaga mejbur edip biljek ýakymsyz habarlaryň bolmak ähtimallygy ýokarydyr.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Häzirki wagtda akraplar, resmi wezipäňiz bilen ylalaşmazlygyňyz ýa-da bar bolan baştutanlygyňyzy ykrar etmek islemezligiňiz ýolbaşçylar bilen gapma-garşylyga getirip biler. Daş-töwerekden garşylyk güýçlener. Saglygyňyza gözegçilik ediň: ýaramazlaşmagy ähtimal.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Gün kyn bolup biler. Belki, bu gün depressiýa meýilli bolarsyňyz. Ýekelikdr pikirleriňiz bilen wagtyňyzy geçiriň, duýgularyňyzy tertipläň. Jogapkärçilik, synaglara garşylyk, saklanmak zerurdyr.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bar zatlaryňyzy saklamak üçin, gazananlaryňyzyň çägini kesgitläň we ownuk-uşak zatlara-da üns beriň. Bir minudyňyzy-da ýitirmän edýän isripsiz hereketiňiz, iň uly meýilnamalaryňyza we maksatlaryňyza ýetmäge kömek edip biler. Şaý-seplerden we daş önümlerinden başga söwda etmek amatly.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Ähtimal, göwünsizlik we öz höweslerine göwni ýetmezçilik daluw aýal-gyzlaryny ýoldaşlary bilen dawa-jenjeliň döremegine sebäp bolar. Daluw erkekleri öz ýoldaşyna has köp ynanmalydyrlar – gatnaşyklaryňyzyň çökgün bolmagynyň esasy sebäbi, duýgularyňyzy ýüze çykmakda saklanmagyňyz we utanjaňlygyňyz bolup biler.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Durmuşyňyza giren täze adamlar köp kynçylyklaryň çeşmesi bolup biler. Alamatlara eýeriň görünip furan zatlardan netije çykaryň – bu gün içki mazmunyňyz, pikirleriňiz daşky dünýäde öz beýanyny tapar. Öňden bäri edip gelýän arzuwlaryňyzyň hasyl bolmak ähtimallygy ýokarydyr.
Dünýäniň ilkinji ingalýasion koronawirus sanjymy taýýarlandy