JEMGYÝET

Gant şugundyrynyň 224 müň tonnasy öndüriler

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýyl gant şugundyrynyň 224 müň tonnasyny öndürmek boýunça kararyň taslamasy hödürlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan gant şugundyryny öndürijiler bilen bellenilen tertipde şertnamalaryň baglaşylmagyny hem-de hasylyň şertnamalaýyn nyrhlardan satyn alynmagyny, daýhanlary gant şugundyrynyň ýokary hilli tohumlary, suwaryş suwy we dökünler bilen üpjün etmek, onuň ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamak boýunça möwsümleýin işleri bellenilen möhletlerde geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzy özümizde öndürilen dürli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýazky ekin işlerinde, ozaly bilen, bugdaýa ideg etmekde, gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmekde, galla oragyna taýýarlyk görmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ekerançylykda zerur agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, tehnikalaryň netijeli ulanylmagyna gözegçilik etmegiň täsirli ulgamyny ýola goýmak meseleleri babatda anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz  «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Bu resminama laýyklykda, Balkan we Mary welaýatlarynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegi üpjün ediler.

 

S.Berdimuhamedow ýokary sylag bilen sylaglandy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Gazagystany BMG-niň Kararnamasy bilen gutlady

Arkadag şäherinde halkara maslahat geçiriler

Ýaponiýa “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýewropanyň emeli aň boýunça toplan tejribesi peýdalydyr

Ata Watan Eserleri