Hormatly okyjylarymyz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Hormatly her günki täleýnama bilen yzygiderli gyzyklanýan okyjylarymyz! Size 14-nji apreldäki nobatdaky täleýnamany hödürleýäris.
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Düşünjäňiz we oýlanyşyklylygyňyz, ýagdaýy we özüňizi alyp baryş taktikaňyzy takyk kesgitlemäge mümkinçilik berer. Hakykat hem edil siziň pikir edişiňize görä bolar. Uly satyn alyşlar we gozgalmaýan emläk bilen baglanysykly söwdalar bu gün amatly netijeleri berer. Garaşylmadyk ýakymly habar meýilnamalaryňyzy üýtgedip biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Syýahat etmek, dynç alyş üçin amatly gün. Gozgalmaýan emläk satyn almakda üstünlik gazanyp bilersiňiz. Bu gün işewürlik meselesinde ägä boluň. Girdejileriňizi elden gidirip bilersiňiz. Hemme zady başga bir güne yza süýşüriň we bu güni maşgalaňyza, tokaýa gitmek, okamak, bilim almak üçin bagyşlaň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Durmuş potensialy iň ýokary derejededir, şonuň üçin bagt size hemme zatda kömek eder. Täze möhüm bir işi meýilleşdirmek, jemlemek, pikirlenmek, ýakynlaryňyzyň ýanynda tebigatyň gursagynda rahat dynç almak bu gün size aýratyn lezzet we peýda getirer. Halaýan zadyňyzy etmek nerw ýadawlygyny aýrar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bedenterbiýe, sport, uzak gezelenç, syýahat üçin amatly boljak işjeň gün. Dostlaryňyz bilen aragatnaşyk, köpçülikleýin güýmenje zehiniňizi görkezmäge, oňyn duýgulary başdan geçirmäge mümkinçilik berer. Gatnaşykda sazlaşyk gazanmak üçin öz pikiriňizi aýtmaň, ýakynlaryňyza çyn ýürekden dogruçyl boluň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Ýakynlaryňyz bilen pikirleriňizi paýlaşmaga synanyşyň, sebäbi şahsy durmuşyňyzda azajyk lapykeçlik bolup biler. Saglygyňyzy berkitmek bu gün aýratyn möhümdir. Günüň birinji ýarymy ýalňyş hasaplamalar ýa-da aldawlar bilen doly bolup biler – aşa ynamsyzlygyňyz maliýe ýitgilerine sebäp bolar. Günüň ikinji ýarymynda döredijilik üçin gowy mümkinçilik bolar. Şahsy durmuşyňyzyň gowy tarapa üýtgemegi mümkin. Nätanyş adamlardan kiçiräk maddy goldaw hem alyp bilersiňiz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün söwda, gozgalmaýan emläk satyn almak üçin amatly. Söwda meselesinde bu gün girdejili bolar. Günortan saglygyňyz bilen baglanyşykly kiçiräk problemalaryň bolmagy ähtimal. Bu gün düýşüňiziň amala aşmak ähtimallygy ýokarydyr.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Işleriň yzagalaklygy barada alada ediň, býudjetiň ýagdaýyna üns beriň. Bu gün çykdajylaryňyza gözegçilik etmeli bolarsyňyz. Sebäbi goşmaça maddy çykdajylar bar, oňa bolsa öňünden taýýarlanmak has gowudyr.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Gowy gün. Siziň adalatlylygyňyz we paýhaslylygyňyz garşydaky jynsyň wekilini özüňize çekmäge komek edip biler. Bu gün dostlaryňyzyň we maşgalaňyzyň üns merkezinde bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa, ýyldyzlar size duýgularyňyz bilen çynlakaý meşgullanmagy maslahat bermeýär. Umytlaryňyzy başdan puja çykaryp bilersiňiz. Biraz sabyr ediň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün şahsy durmuşyňyzdaky meseleleri çözmek üçin amatlydyr. Haýsydyr bir karara gelmezden ozal oňaýly we zyýanly taraplaryny üns bilen ölçemelidigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň. Agşam, islendik synaglara we päsgelçiliklere garamazdan maşgalada sazlaşykly atmosfera döredip bilersiňiz. Ýeňiş we üstünlik ýolunda asuda we parahat bolmaga synanyşyň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün her hili garaşylmadyk gowy we erbet ýagdaýlar bolar. Maşgala problemalary sizden iň ýokary sypaýyçylyk we pida etmegi talap eder. Köne ýalňyşlyklary düzedip bilersiňiz.
Bu ýyldyzyň astynda doglan zenanlar hyzmatdaşlaryna has içgin göz aýlamaly we meýilnamalara täzeden garamalydyrlar. Sebäbi öňki ýalňyşlyklar we hyýallar garaşylmadyk çykdajylara ýa-da çynlakaý kynçylyklara sebäp bolup biler.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Içerki erkinlige, aň rahatlygyna we esasy hyjuwlara garşy durmak döwri başlaýar. Durmuş potensialy ýokary derejededir, bu bolsa islendik işe kynçylyksyz çemeleşmäge mümkinçilik berer. Agressiwlik, agalyk etmek islegi, öz gowşak taraplaryna baş goşmak içerki gowulaşma ýolundaky esasy päsgelçiliklerdir. Häzirki wagtda mümkin boldugyça iň ýakyn adamlar bilen gatnaşyklary aýdyňlaşdyrmakdan gaça duruň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Iň batyrgaý meýilnamalary we niýetleri durmuşa geçirmek üçin amatly gün. Şeýle-de bolsa, düýpli karar bermeli däl. Ýyldyzlar döredijilik işi bilen meşgullanýan hutlar üçin amatly döwrüň başlanýandygyny duýdurýarlar. Öý işleriňizi öýlänlige goýsaňyz amatly bolar. Esasy zat içki deňagramlylygy saklamak we synaglardan goranmakdyr.
Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy