JEMGYÝET

13 ýylda: Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden köp tebigy gaz iberildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran toý saparynyň çäklerinde bu welaýatdaky «Gadyn» käninde täze gaz ýygnaýjy bekediň işe girizilmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy.

– Biziň alyp barýan «açyk gapylar» syýasatymyz Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň möhüm binýady bolup durýar. Şundan ugur alýan Türkmenistan dünýäde ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde özüni tanadýar. Bu ýagdaý döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga şert döredýär. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berip, köp sanly dünýä meselelerini çözmäge hem hemaýat edýär – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Çykyşda bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerimizi daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýar.

Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar Merkezi Aziýanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen amala aşyrýan taslamalaryň örän möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdyp, Hytaý döwletiniň Garaşsyzlygymyzyň ilkinji döwründe biziň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny hem-de şu ýyl bu şanly waka 30 ýyl dolýandygyny ýatlatdy.

Nygtalyşy ýaly, geçen döwürde hytaýly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa, iki döwletiň hem ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňaýly täsir etdi.

«Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan –Hytaý» gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Her biriniň uzynlygy 1830 kilometr bolan üç şahaly gaz geçiriji ýylda 55 milliard kub metr «mawy ýangyjy» geçirmäge mümkinçilik berýär.

Onuň 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilenden bäri Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz iberildi. Geljekde bu zerur ýangyjyň iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek üçin onuň ýene-de bir, ýagny 4-nji şahasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

– Indi on üç ýyl bäri türkmen «mawy ýangyjy» dostlukly hytaý halkynyň ojaklaryny ýyladyp, senagat kärhanalaryny herekete getirýär. Iri energiýa taslamasy iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow buýsanç bilen nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu günki ajaýyp waka baradaky gürrüňlere geçip, Lebap welaýatynyň ýurdumyzyň senagat taýdan depginli ösýän sebitleriniň biridigini belledi. Welaýatda gurulýan döwrebap kärhanalaryň, önümçilik-medeni maksatly desgalaryň sany barha artýar.

«Gadyn» käninde täze gurlan gaz ýygnaýjy beket hem şeýle desgalaryň biridir. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitiniň Kiştiwan, Günbatar Kiştiwan, Gadyn, Eljik, Gündogar Eljik känlerinden tebigy gazyň gije-gündizde 5,5 million kub metrini ýygnap, hytaý döwletine ibermekde bu bekede uly orun degişlidir.

Döwrebap desganyň işe girizilmegi 200 sany täze iş ornuny döretmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi halkymyzy iş bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Dabarada  Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem-de Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) müdiriýetiniň geňeşiniň Prezidenti Hou Siszýun çykyş etdi.

 

Ahal welaýatynyň döwrebap merkezinde metjit gurlar

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär