SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

13-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 13 -nji  dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Maliýe ýagdaýyňyzy wagtlaýyn gowulaşdyryp bilersiňiz. Dynç günleriňizi nädip geçirjekdigiňizi pikir ediň, sebäbi olar siziň üçin gaty möhüm bolup biler. Ýyldyzlar syýahata gidýänlere seresap bolmaklygy maslahat berýärler, sebäbi şikesler, ýanmalar we zäherlenmeler bolup biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Hünär işiňiz bilen baglanyşykly duşuşyklar we saparlar gowy miwe berer. Kynçylykly ýagdaýlara düşmezlik üçin diňe seresaplylyk bilen meýilleşdirilen işlere başlamaly. Saglygyňyza, iýmitiňize üns beriň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Maglumatlar bilen işlemek, gepleşikleri geçirmek üçin gowy gün. Duýgularyň gözegçilikden çykmagyna ýol bermeli däldir. Ýaramaz gahar-gazaplardan gaça duruň. Ol siziň aklyňyzyň saglygyny ýok edýär.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Dawa-jenjelden gaça duruň, ýogsam hüjümleriň we gödek degişmeleriň nyşanyna öwrülip bilersiňiz. Keýpiň üýtgemegine ýa-da impulsly kararlara boýun egmezlige çalşyň. Özüňizi dürsäň we ynamly hereket ediň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Durmuş ýörelgeleriňizi we ideallaryňyzy goramaga taýyn boluň. Öýden uzak gitmek, adamlar bilen aragatnaşykda, köpçülikde köp wagt geçirmek maslahat berilmeýär. Bu gün gyzykly başdan geçirmeler bolup biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün synaglar size garaşýar. Ejizlige ýol bermäň – ykbal sizi häzir synap görýär. Maliýe ýitgileri bolup biler. Geleşiklerden gaça duruň. Diňe öz düşünjäňize we akyl-paýhasyňyza görä hereket ediň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Amatsyz gün, durmuş potensialynyň peselmegi mümkin. Bu gün siz arkaýyn dynç alyp bilmersiňiz. Ähli inisiatiwany öz eliňizde saklamaga synanyşyň. Öz-özüňi goramak üçin ösen instinkt, töweregiňdäki adamlar bilen gatnaşyklary tertipleşdirmekde egoistlige we rehimsizlige sebäp bolar. Ähli şowsuzlyklaryň sebäbini ilki bilen özüňizden gözlemelidigini ýatdan çykarmaly däldir. Özüňizi tankytlamagy başaryň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Sizde bu gün hyzmatdaşlaryňyzy bahalandyrmakda ýalňyş düşünjeler bolup biler. Bu gün ýitgi getirjek özüne çekiji tekliplerinden ýüz öwüriň. Hünär işi adatdakysyndan has köp zähmet talap eder. Bu gün üçin hereket meýilnamasy we taktikasy barada anyk we düýpli pikirleniň. Şahsy durmuşyňyzda häzirki wagtda ýyldyzlar siziň üçin möhüm bir zady çaklamaýarlar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Sizde bu gün hyzmatdaşlaryňyzy bahalandyrmakda ýalňyş düşünjeler bolup biler. Bu gün ýitgi getirjek özüne çekiji tekliplerinden ýüz öwüriň. Hünär işi adatdakysyndan has köp zähmet talap eder. Bu gün üçin hereket meýilnamasy we taktikasy barada anyk we düýpli pikirleniň. Şahsy durmuşyňyzda häzirki wagtda ýyldyzlar siziň üçin möhüm bir zady çaklamaýarlar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Gyssagly karar bermek maslahat berilmeýär. Ähli pikiriňizi töwerekdäkilerden gizlemeli we sabyrly bolmaly. Ujypsyzja kynçylyklara garamazdan saglygyňyz gowy bolar. Söýgüliňiz bilen aragatnaşyk sizi psihologiki stresden halas eder.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Hyzmatda päsgelçilikler, düşünişmezlikler bolar. Hatda özüňizi bagtsyz duýup bilersiňiz. Çagalar bilen düşünişmezlikler bolup biler. Lukmana baryp görmegiňiz ýakymsyz täsir edip biler. Çünki garasmadyk diagnozy almagyňyz mümkin.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün size garşy gizlin meýilnamalary we dildüwşükleri paş etmek üçin ajaýyp mümkinçilik alarsyňyz. Belki, edilen işden kanagatlanarsyňyz. Emma gahar-gazap we agressiwlik saglygyň ýaramazlaşmagyna täsir edip, ilki bilen size zyýan berjekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama