Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 12-nji oktýabr täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Bu gün ähli tutanýerliligiňizi, özüneçekijiligiňizi, sözleýşiňizi täze maddy baýlyga ýetmek üçin däl-de, eýsem ýeňiji bolan pozisiýalaryňyzy saklamak üçin gönükdirmeli. Başgalaryň kömeginden ýüz öwürmäň – hyzmatdaşlyk we toparlaýyn işler siziň üçin peýdalydyr. Meýilleşdirilen ýygnaklar, gepleşikler ýa-da saparlar şowsuz bolup biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowur erkekleri, belki, şu gün ýan ýoldaşy bilen şahsy gatnaşyklardaky meseleleriň birini arkaýyn çözüp bilerler. Siziň häsiýetiňiz we çydamlylygyňyz umumy bir dil tapmaga we düşünişmäge kömek eder. Sowur zenanlary üçin şu günki täleýnama täze tanyşlardan ýüz öwürmegi maslahat berýär – bu döwür söýgi meselesi üçin asla amatly däl: üns merkezinde bolup bilmersiňiz, garşylykdaky jynsyň wekiliniň göwnüňizden turmazlygy ýa-da göwnüçökgünlik keýpiňizi düýbünden bozup biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Ýyldyzlar jöwza erkeklere ägä bolmagy maslahat berýärler. Çünki uly dawa ýa-da uzak wagtlap dostuňyz bilen gatnaşyklaryň kesilmegi ähtimal. Jedeller we özara nägilelikler düşünişmekligi doly aradan aýyryp biler. Bu gün ýadawlylyk ýa-da ýürek agyry bolup biler. Häzirki wagtda ýakymsyz başdan geçirmeler, betbagtçylyklar, keseller ähtimal. Maşyn süreniňizde ýa-da köçeden geçeniňizde seresap boluň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün seretanlar üçin bagtly gün. Ýyldyzlar garaşylmadyk şowlulygy ýa-da söýgi meselelerini çözmek üçin örän amatly ýagdaýy wada berýär. Inisiatiwany öz boýnuňyza alyň, ýoldaşyňyzdan kömege garaşmaň – hemme zady esasan, özüňiz ediň. Batyrlyk, özüneçekijiligiňiz we paýhas size üstünlik getirer.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Irden töweregiňizdäki adamlar bilen düşünişmezlikleriň bolmagyna garaşyň. Durmuşyňyzy üýtgetmek islegiňiz we adamlaryň size agalyk etmekligine negatiw garaýyş, dolandyryş bilen gatnaşyklaryňyzda kynçylyk döredip biler. Diplomatik zehinleriň ýoklugy sizi ejizleşdirýär, ýöne akyl we paýhaslylygyňyz sebäpli hemişe, islendik möhüm ýagdaýdan çykalga tapyp bilersiňiz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Günüň birinji ýarymynda durmuş potensialynyň ýokarlanmagy hünär işjeňligi pudagynda oňyn täsir edip biler. Bu wagt durmuş gurmak, uly söwdalary amala aşyrmak, syýahat we dynç alyş üçin amatly. Şeýle-de bolsa, maliýe meselelerinde haýsydyr bir möhüm kararlary bermäň, sebäbi planetalaryň durmuşyňyza täsiri durnuksyzdyr. Girdejileriňizi ýitirmek ähtimallygyňyz ýokarydyr.
Bu gün wezipe basgançaklarynda birneme hereket etmek mümkinçiligine eýe bolarsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda gybat we gizlin niýetli töhmet sebäpli kynçylyklar ýüze çykyp biler. Adamlara aşa ynanmaň. Geljegiňize ätiýaçlyk etmek üçin akyl-paýhasyňyzy we mekirligiňizi ulanyň: köp çykdajy çykarmaly bolmagyňyz ähtimal.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün, biznes bilen meşgullanýan akrap erkeklerine üstünlikler garaşýar. Siziň töweregiňize hakyky bolşy ýaly baha berişiňiz, edep-terbiýäňiz we dünýä standart däl garaýşyňyz bilen sizi gowy gorýän adamlar bar. Ýaranlaryňyzyň kömegi, jemgyýetlilik, dogry çözgüt tapmak ukyby – bularyň hemmesi maliýe taýdan öwezini dolmak üçin zerur şertleri döretmäge kömek eder. Akrap zenanlary üçin ýyldyzlar ýoldaşyna has ýakyndan göz aýlamagy maslahat berýarler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu ýyldyzyn astynda doglan aýal-gyzlara söýgi meselesinde üstünlik garaşýar. Ýyldyzlar, size häsiýetli bolan idealizmiňiziň janköýeriň hiline we kemçiliklerine dogry baha bermegi kynlaşdyryp biljekdigini duýdurýarlar. Erkekler üçin bolsa, duýgularyň aşa güýçli ýüze çykmagyndan duýduryş berýärler. Ýoldaşyňyzy arasynda tankytlamak-da ýeterlik derejede gowudyr.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Ýyldyzlar töwekgelçilikli işlerden, şübheli tanyşlyklardan we saglyga howp salýan zatlary etmekden duýduryş berýär. Meýilleşdirilen saparlary, duşuşyklary, söýgi senelerini ýatyryň we günüňizi öýde geçiriň. Erbet habar alanyňyz üçin şu günki dartgynlyk çäkden çykyp biler.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Hyzmatdaşlar bilen işleşmeklik we häkimiýetlere ýüzlenmeler bu gün şowly bolar. Ýyldyzlar size goşmaça girdeji çeşmelerini tapmakda ýa-da täze çärelere geçmekde üstünlik gazanmagy wada berýär – meýilnamalaryňyzy we niýetleriňizi aňsatlyk bilen durmuşa geçirip bilersiňiz. Optimizm, özüne çekijilik we logika beýlekileri siziň bilen hyzmatdaşlyk etmäge mejbur eder.
Häzirki wagtda hünär işjeňliginde we şahsy durmuşyňyzda iň kyn meseleleri çözüp bilersiňiz. Edebiýata bolan gyzyklanma bolmasa-da, döredijilik zehiniňizi açyp bilersiňiz. Ýyldyzlar hut erkeklerine ynamly we mert hereket etmegi maslahat berýärler. Bu gün özüňize bolan ynamyňyzy artdyryp bilersiňiz.