SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

11-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 11-nji  fewraldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallaryň gün tertibinde iki sany belli sorag bolar: “Kim günäkär?” we “Näme etmeli?”. Diňe ikinji soraga jogap tapmak mümkinçiligi pes bolsa-da, günäkärleri gözlemek barada aýdylanda, hamallar hiç hili kynçylyk görmeýär. Adalatlylygy gazanmak, şeýle hem kimiň nähili hereket etmelidigi baradaky mesele hamallary gününe goýmaz. Belki, günäkärleri gözlemäge wagt gidirmän, gaýta öz işiňize üns bermek has gowy bolmazmy?

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar beýleki adamlaryň meselelerini çözmeklige bütin gününi geçirmek howpuny başdan geçirýär. Şol sebäpli, olaryň işleri we meýilnamalary wagtlaýynça yza süýşürilip bilner. Emma başgalara kömek etmek bilen, sowurlar täze dostlary we ýaranlary tapmaga mümkinçilik alýar. Bu bolsa, diýseň gowudyr.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar bu gün hemmeleri (şol sanda özlerini-de) guramaçylyk ukyplary bilen geň galdyryp biler. Mundan öň daş-töweregindäkileriň uzak wagtlap ýalbaryp etdirmeli bolan zatlaryny, bu gün jöwzalar hiç hili goşmaça tagalla etmezden edip bilerler. Jöwzalarda oýanan ynandyrma usuly, oňyn duýgularyň ýagtylygy logika bilen has-da güýçlener. Beýlekiler üçin şeýle uly güýje garşy durmak aňsat bolmaz!

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlaryň şygary: “Iň esasy zat öýdäki tertip” bolup biler! Bu diňe bir jaýy arassalamak bilen çäklenmän, eýsem şahsy işleriň tertibine hem degişlidir. Seretanlara ýakynlary bilen gatnaşyklary berkitmek ýa-da häzirki wagtda maşgalada toplanan düşünişmezlikleri ýok etmek üçin ajaýyp pursat. Emma, elbetde, öýi abadanlaşdyrmak hem oňa zyýan bermez.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetleriň üstünlik gazanmagynyň açary yzygiderlilik we ýuwaş-ýuwaşdan hereket etmekden ybarat. Bu gün akylyňyz aýdyň, çalt we umuman, sagat ýaly işlemegi wada berýär. Aragatnaşykda hem esetler akyllylygy we paýhaslylygy bilen başgalary geň galdyryp biler. Işewürlikde bu oňa köp peýdalary getirer, ýöne ýakyn adamyňyz bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna hem sebäp bolup biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler maliýe ýagdaýlaryny kesgitlemeli bolar. Bu meseleleri soňa goýmazlyk maslahat berilýär, sebäbi bu golaýda şundan has amatly wagt bolmaz. Bu gün sünbüleler üçin stoluň başynda oturyp, çykdajylaryň we girdejileriň sütünine aýratyn üns berip, ýakyn geljek üçin esasy meýilnamalary  ýazmak gaty peýdaly bolar. Bu meýilnamalaryň üstünlikli boljakdygynyň ähtimallygy gaty ýokary.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar hemme zatda logika we many görmek isleýär. Emma beýlekiler hemişe öz keýpini beýlekiler bilen paýlaşmaýarlar. Bolýar, işiňizi arkaýyn dowam etdiriň, hemme zat sagat ýaly bolar. Bu gün mizanlar, yzygiderliligi we logikany talap edýän ýagdaýlarda aýratyn bagtly bolar, şonuň üçin başga bir zada goşmaça duýgulary sarp etmeli dälsiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Daş-töwereginde näme bolsa-da, akraplar özi bilen töweregindäki hakykatlaryň arasynda diwar gurmagy makul bilýär. Dünýäde näme bolsa şol bolsun. Akraplar näme bolsa-da öz işi bilen meşgullanar. Umuman aýdanyňda, bu dünýä onuň ünsüni sowmaga mynasyp hem däl! Diňe onuň täsinlikleri we kemçilikleri barada azajyk gürlemekden başga.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar islendik sahnany gurnamaga mümkinçilik alar! Ýeke-täk mesele, munuň nähili görkeziljekdigi – köp sanly tomaşaçyly ajaýyp çykyşmy ýa-da gap-gaçlary döwmek we ýokary sesli gürlemek bilen bagly maşgala dawasymy… Her niçigem bolsa, kowuslaryň artistlik ukyplary ýokary derejede bolar. Diňe, ol ukyplary dogry peýdalanmaklyk galýar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler bu gün guramaçylyga we tertip-düzgün bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berer. Bellenen kadalara we düzgünlere laýyk gelmeýän hemme zat, jedileriň gaharyna sebäp bolup biler. Munuň kadadan çykmagyna ýol bermäň. Töweregiňizdäkileriň size bolan ýaramaz garaýşyny islemeýän bolsaňyz, akyl öwretmekden gaça duruň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar üçin hakykatdanam haýsydyr bir dostlukly ýygnanyşyk guramak üçin wagt tapmak päsgel bermez. Dostlaryňyz bilen haýsydyr bir çärä bilelikdäki syýahaty guramak has gowudyr. Iň bolmanda teatra, sergä ýa-da kinoteatra gidiň – esasy zat mowzugyň gyzykly bolmagy. Bu ýagdaýda daluwlar üçin mähirli dostluk atmosferasy we oňyn duýgular kepillendirilýär!

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün, hutlaryň ýolbaşçylar bilen islendik gürrüňdeşligi ýaramaz netijelere, dawa-jenjellere eltip biler. Emma, ýolbaşçylar sizi gürrüňdeşlige çagyrsalar ýa-da jaň etseler haýsydyr bir bahana tapyň. Islendik zat: syrkaw ene, duýdansyz göçüşlik, ýadro urşy… tapawudy ýok! Esasy zat gürleşmezlikdir! Ýogsam, hutlaryň ýolbaşçylar bilen gürrüňdeşligi ýuwaş-ýuwaşdan ýokary seslerde gürleşmeklige, ahyrsoňunda bolsa, işden çykarylmaklyga hem eltip biler.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama