SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

10-njy ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 10 -njy  ýanwardaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar, soňky aýlarda öz hünär derejäňizi gowy kämilleşdirdiňiz. Siz durmuşyňyzy gowulaşdyrmak üçin aňsatlyk bilen karar berdiňiz we ilkinji üstünlikler sizi diýseň begendirýär. Onda nämä garaşýarsyňyz? Ösüşiň ikinji basgançagyna geçmegiň wagty geldi: artykmaç zatlardan dynyň. Ýatda saklaň: daş töweregiňizi gurşap älýan adamlary saýgylamak diýseň zerurdyr.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar bu güni pikirde geçirerler. Pikirler dürli-dürli bolar: öz-özüňi kämilleşdirmek baradaky soraglardan öňki ýalňyşlyklaryň derňewine çenli. Bu gün dogry hünäri, dosty we ýan ýoldaşy, dogry ýoly saýlandygyňyza şübhelenmegiňiz-de gaty ähtimal. Şeýle-de bolsa, bu barada alada etmeli däl: durmuşyňyzda ajaýyp zatlar garaşýar. Muňa buýsanyň we mümkin bolsa bagtyňyzy beýlekiler bilen paýlaşyň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar, akym bilen gitmek diýmek näme? Bu doly gözegçilikden aýrylmak däl, tersine – haçan dynç almalydygyny we haçan janygyp hereket etmelidigiňizi tassyklamaklykdyr. Açyp bilmeýän gapyňyz bar bolsa, başga gapyny tapmaly. Az stres sarp edip, akyl taýdan dynç almak zerurdyr.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar, siz dogry ýoldan barýarsyňyz. Şübheler sizi gynanýandygyna garamazdan, ozal beren kararlaryňyzy terk etmeli dälsiňiz. Hawa, ýagdaýyň gowy tamamlanmagy üçin ähli wariantlary öňünden görmek mümkin däl. Bu bolsa biderek aladalanmagyň manysynyň ýokdugyny aňladýar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Ýalňyzlyk şu wagt iň gowy ýoldaşyňyzdyr. Keýpiňizi sazlap, içiňiz bilen ýürekden gürleşip, ahyrsoňy öz sesiňizi eşidip bilersiňiz. Häzir başgalary bir gapdala goýup, başdan geçirmeleriňize we duýgularyňyza ünsi jemlemegiň wagty. Şeýle ýalňyzlygyň köp peýdasy bar, şonda ýitirilen aragatnaşygyň öwezini dolup bilersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Ykbalyň tigirini aýlamagyň wagty! Özüňize we özüňizi alyp barşyňyza üns beriň. Sarp edişde gowy pikir ediň, ähli satyn alýan zatlarynyz hakykatdan-da gerekmi? Elmydama güýjüňizi doldurmak üçin zerur derejede iýmitlenýärsiňizmi? Bu derňew size özüňize düşünmäge we durmuşyňyzy kämilleşdirmäge kömek eder.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Dünýä üýtgeýär, siz bolsa, köne harabalyklara ýapyşýarsyňyz. Gereksiz hemme zady ret ediň, durmuşyňyzy näme doldurýandygyny täzeden gözden geçiriň. Geçmişde siziň üçin gaty möhüm bir zat bar bolsa, täze hakykatda hem oňa ýer bolar. Ýöne geljege aňsatlyk bilen we biperwaý girmeli. Başga bir bagt baradaky köne arzuwlary süýräp ýörmeli däl.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün ýyldyzlar siziň öz islegleriňize ýetmegiňiz üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny ýatladýarlar. Emma, munuň üçin gowy zähmet çekmeli. Daş-töweregiňizdäki adamlara aýratyn ähmiýet bermelidigiňizi, ýetýän sepgitleriňizde ýakynlaryňyzyň-da goşandynyň bardygyny ýatdan çykarmaly däl. Saglygyňyza üns beriň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar, size uly üýtgeşmeler garaşýar. Tizara töweregiňizdäki hemme zat tersine öwrüler. Käbir zatlary durmuşyňyzdan aýyrmagyň, dörediş prosesiniň aýrylmaz bölegidigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin zatlar öz ugruna gitsin. Şeýle hem ýyldyzlar “ýalpyldaýan zatlaryň hemmesi altyn däl” nakylyny ýada salmagyňyzy haýyş edýär. Käbir “ajaýyp pikirler” hem durmuşa geçirilmän galyp bilýär.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Siziň durmuşyňyz entek tamamlanmadyk köne bap bilen ýaňy başlajak bolup duran täze bölümiňaralygynda ýerleşýär. Garşy gitmegiň ýerine, bu döwre täze bir zat döretmäge mümkinçilik hökmünde serediň. Durmuşa oýnamak, şatlyk duýmak we döretmek üçin gelendigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň. Belli bir netijä bagly bolmazdan älemiň ritminde ýüzmäge synanyşyň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Duýdansyz üýtgeşmeleriň sizi bulaşdyrmagyna ýol bermäň. Daluwlar, durmuşyňyzda düýpgöter üýtgeşme geçirmäniň wagty geldi. Arkaýyn boluň, by wagt siziň maksatlaryňyza ýetmek üçin ähli mümkinçilikleriňiz bar. Şu pursatda etmeli iň manyly zat, içki sesiňize eýermekdir. Hemme zat bolmalysy ýaly bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar, hiç kimiň özüňize bolan bahaňyzy peseltmegine ýol bermäň. Durmuşyňyzyň bu tapgyrynyň sizden talap edýän zady: özüňizi söýmegiň iň ýokary derejesini görkeziň. Bu bolsa siziň ýokary derejä ýetirmegiňize päsgel berýän ýagdaýlar we adamlar bilen hoşlaşmagyňyza kömek eder. Älem size özüňiz bolmagyňyzy ýatladýar.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama