SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

10-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  10-nji martdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Maşgala gatnaşyklarynda gabanjaňlyk ähtimal. Bu bolsa, gödek hereketlere sebäp bolup biler. Dogabitdi duýgurlyk we ünslülik sebäpli köp kynçylyklardan gaça durup bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda aladalandyryjy habarlar gelip biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Maşgala dynç alyşlary we islendik aragatnaşyk üçin amatsyz gün. Jedeller, düşünişmezlikler, gahar-gazap we aldawlar ähtimal. Edýän hereketleriňizi beýlekilerden ýaşyrmak maslahat berilýär. Bu mümkin däl bolsa, gatnaşykda çeýeligi saklamaga we öz-özüňizi dolandyrmaga synanyşyň. Sözleriňize üns beriň. Ýogsam, size düşünilmän bilner.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Saglyk üçin amatsyz gün. Umumy ýadawlygyň, immunitetiň gowşamagynyň ähtimallygy ýokary. Aldawdan, boş wadalardan ägä boluň – kiçi maşgala kynçylyklaryny başdan geçirmeli bolarsyňyz. Dostlaryňyz we tanyşlaryňyz bilen aragatnaşygy çäklendiriň. Günüňizi durmuş gazanjynyň täze çeşmelerini tapmaga, özüňizi kämilleşdirmäge bagyşlaň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Öý işleri sizden ep-esli güýji talap eder, meseleleriň köpüsini ilkinji gezekde çözüp bilmersiňiz. Durmuş potensialyňyz azalýar. Işjeň hereketler netijesiz bolar we diňe ýadawlyk getirer. Şahsy durmuşyňyzdaky negatiw üýtgeşmeler size garaşýar. Bu esasanam zenanlar üçin şeýledir. Erkekler söwer ýarlary bilen gatnaşyklarda sypaýylygy we asyllylygy görkezmeli.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Çagalaryň problemalary sizi aladalandyrmagyny dowam eder. Eset aýallaryň arasyndaky gabanjaňlyk ýa-da pul hakda dawa-jenjel bolmagy ähtimal. Iň soňky karary bermek islemezligiňiz, gatnaşyklary hasam bozup biljek uly skandala getirer. Şu nukdaýnazardan saglygyň ýaramazlaşmagy, şikes ýetmegi mümkin.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Dynç almak üçin pursatdan peýdalanmasaňyz, sebäpsiz gynanç, erbet keýp, depressiýa bolup biler. Şahsy durmuşyňyzda gereksiz duýgular lapykeçlige ýa-da dawa sebäp bolup biler. Oňyn pikirlere ünsi jemlemäge synanyşyň, hondanbärsiligi we egoistligi goýuň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Kynçylykdan gaça durmak üçin täze tanyşlaryňyz bilen seresap boluň. Bu gün duşýan adamlaryňyz durmuşyňyzda negatiw rol oýnap biler. Belki, keşbiňizi üýtgetjek täze pikirleriňiz bolar. Şeýle-de bolsa, geljek üçin meýilnamalaryňyzy dostlaryňyz bilen paýlaşmaly dälsiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Hyzmatdaşlaryňyza gaty seresap boluň, her bir adam siz üçin gowulygy isläp barýan däldir. Şeýle hem ýyldyzlar dostlar ýa-da garyndaşlar bilen gatnaşykda bolup biljek kynçylyklar barada duýduryş berýärler. Şonuň üçin bu gün has paýhasly bolmaly we howlukmaç karar bermeli däl. Biraz oňaýsyzlyk, nägilelik we gaharlanma mümkin.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Günüň birinji ýarymy amatsyz: gaharlanma sebäpli düşünişmezlik bolup biler. Maşgala problemalary ýakynlara sypaýyçylyk we üns berilmegini talap eder. Ýogsam, şahsy durmuşda negatiw proseslere sebäp bolar. Her niçigem bolsa, ähli kynçylyklaryň we umumy nägileligiň köki bolan geçmişi täzeden gözden geçirmeli.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Gün oňat. Duşmanlaryňyzyň hilelerini ýeňip geçmäge mümkinçilik bolar. Çeýeligiňiz we çydamlylygyňyz gizlin duzaklardan geçmäge kömek eder. Bu ýyldyzyň astynda doglan zenanlara täze tanyşlaryndan ýüz öwürmek maslahat berilýär. Ýakymly kompaniýa we rahat atmosfera size rahatlyk getirer. Günüň ikinji ýarymynda özüňizi birneme gowşak, ýadaw ýa-da kellagyrly duýup bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Duýgy taýdan howply gün. Gowy dynç almagy ýatdan çykarmaň. Bu size diýseň gowy peýda getirer. Gündelik meseleler bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Dostlaryňyza ýa-da garyndaşlaryňyza kömek etmeli bolarsyňyz. Düýşleriňiziň hakykatda amala aşmagy mümkindir.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Söwda pudagynda işleýän hutlar üçin amatly gün. Tötänleýin duşuşyk ýa-da täze tanyşlyk çynlakaý gatnaşyklara ösüp biler. Bu size täze bir uly başlangyjyň başlanýandygyny görkezer. Şeýle-de bolsa, ünslüligiňizi elden gidirmäň. Saglyk ýagdaýyňyza, iýmitiňize aýratyn üns beriň.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama