BILIM

1-nji synp okuwçylaryna “Bilimli” atly noutbuk kompýuterler sowgat berildi

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy.

Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere “Bilimli” atly noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iň täze kompýuter tehnologiýalary we multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap bilim edaralarynyň giň düzümi emele getirildi. Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşýar.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzda we Lebap welaýatynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Hususan-da, jemi 2 müň 800 orunlyk 4 sany umumybilim berýän orta mekdep, 1 müň 120 orunlyk 4 sany çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi.

Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 960 orunlyk we 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň, Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabaralary hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. 400 orunlyk umumybilim berýän döwrebap orta mekdep Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk, Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrunda 320 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň “Ýasmansalyk” ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk çagalar baglary açylyp ulanmaga berildi.

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçihanasy gyşky “EnglishPalooza” dil okuwyna bellige alşy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň uniwersitetleri “UI Green Metric 2025” reýtinginde

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň durnukly 10 uniwersiteti yglan edildi: “UC Davis” 7-nji orunda

Pakistan — Türkmenistan: bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda başlangyçlar

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Dr.Döwran Orazgylyjov