SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

1-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ykbalyň bagt ýyldyzynyň size nämeler diýýändigini bilesiňiz gelse, 1-nji iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bulaşyklykdan we nerw bozulmalaryndan gaça duruň we wagt ýitirmäň. Häzirki wagtda edýän ähli işleriňiz diýseň jogapkärçilikli we manyly bolmaly. Öň beren wadalaryňyzyň yzynda durmagy başaryň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Işsiz bolmaň we ýaltalyk etmäň – passiw bolup, hiç zat etmän diňe dynç alyp gezmek saglyk problemalaryna getirip biler. Arkaýyn, asuda boluň we  bolup geçýän zatlaryň hemmesine filosofiki tarapdan,  ironiýa bilen çemeleşiň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Pikiriňizi goramak, beýlekilere öz haklydygyňyzy subut etmek üçin gowy gün däl. Çeýeligi we sypaýylygy görkezip, beýlekiler bilen parahatçylykda we sazlaşykda ýaşamaga synanyşyň. Möhüm karar bermek üçin bu gün köp pikirlenmeli bolmagyňyz mümkin.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün energiýadan we güýçden doly bolarsyňyz. Olary ýygnanan meseleleri çözmäge gönükdiriň. Ähli şübheleri taşlap herekete geçiň. Agşam diňe oýlanyşykly edilen zatlar şowly netijelere getirer.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Aýyň iň üstünlikli güni. Täze pikirleri durmuşa geçirmek üçin ajaýyp pursat gelip ýetdi. Ynamly boluň. Seýlelikde şowlulyk siziň tarapyňyzda bolar. Işjeň bolmakdan gorkmaň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Öz gyzyklabmalaryňyzy beýlekileriňkiden ýokarda goýmaň. Bu häsiýetiňiz bu gün size zyýan getirer. Gysyk bolmak iň halanylmaýan häsiýetdir. Bu gün ýakymly duşuşyklar ýa-da köpden bäri garaşylýan habarlary almagyňyz mümkin. Täze zatlary döretmek üçin güýjüňizi sarp ediň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Häzirki wagtda beýlekiler bilen umumy dil tapmak kyn bolar, şonuň üçin kän bir aragatnaşyk saklamajak boluň. Köne gereksiz zatlardan we aragatnaşyklardan dynmak peýdalydyr. Ähli zatlary tertibe salmak üçin wagt gelip ýetdi.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Häzirki wagtda täjirçilik amallaryny geçirmezlik has gowudyr – bu ýitgilere sebäp bolup biler. Ulumsylyk we özüňize göwnüýetijilik görkezmäň, ýogsam başgalaryň hormatyny we ynamyny ýitirmek howpy abanýar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Edesiňiz gelmeýän zady etmäge özüňizi mejbur etmäň. Bu gün döredijilik, dostlaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen duşuşmak, işjeň gyzykly dynç alyş üçin amatlydyr. Söwda we islendik maliýe amallary üçin ajaýyp pursat.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Mümkin boldugyça, özüňizi rahat we asuda saklaň. Sarp edilen güýji dikeltmeli bolarsyňyz. Howlukmaň, ähli zady gowy ýerine ýetirjek boluň. Gün täze tanyşlyklary açmak üçin amatly.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Emosional we akyl deňagramlylygyny saklaň, gapma-garşylyklara girmäň, sabyrlylygy we bagyşlamagy öwreniň. Aragatnaşyklaryňyzda ünsli boluň. Kimdir birine uly ynam bildirmek sizi iň soňunda erbet gynandyryp biler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Şu gün ýüze çykyp biljek meseleleriň ählisini ertire süýşürmän, derrew çözmäge synanyşyň. Günüň dowamynda işjeň boluň. Täze taslamalary kabul ediň, teklip beriň. Hut şu gün siziň ähli oý-pikirleriňiz jemgyýetçilik tarapyndan kabul ediler.

 

Aýyň täleýnamasy

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama