Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 09-njy ýanwardaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallara üçin gowy gün bolar. Köp zada ukyplydygyňyza düşünersiňiz we tiz wagtda başarnygyňyzy görkezmäge mümkinçilik alarsyňyz. Günüň başynda özbaşdak hereket etmek has aňsat bolar. Özüňize täze maksat goýuň. Bu ýol siziň üstünlikleriňiz netijesi bilen özüňize bildirilýän ynamyňyza baglydyr.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlaryň durmuşynda bu gün garaşýanyndan has köp zat bolup biler. Käbir Sowurlar ýakyn adamlarynyň meselelerini çözmek ýa-da dostlarynyň ýalňyşlyklaryny düzetmek üçin köp wagt sarp etmeli bolarlar. Birneme wagt gerek bolar köp pikirlenmeli bolarsyňyz.Bu gün işewür gepleşikler ýa-da şahsy meseleler barada söhbetdeşlikler, islendik çynlakaý meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatlydyr. Tanaýanlaryňyz size uly maslahat berip bilerler ýa-da pikirlerini siz bilen paýlaşyp bilerler.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün umuman amatly bolar. Köp işlerde öz mümkinçilikleriňizi görkezip bilersiňiz. Siziň yhlasyňyz we zähmetiňiz ýakyn wagtda gowy netijeleri getirer. Iň möhüm meseleleri hiç kimden kömek ýa-da maslahata garaşman özbaşdak çözmeli bolarsyňyz. Emma pikirleriňizi ýakynlaryňyzdan biri bilen masahatlaşyp bilersiňiz.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Durmuş potensialy ýokary derejede. Işiňizde üstünlik garaşýar. Işewür ugurda oňyn tendensiýalaryň täsiri agdyklyk eder; kyn meseleleri çözmek bilen başarnykly bolarsyňyz we nämäni başarýandygyňyzy görkezersiňiz. Öň ukybyňyza şübhelenýän adamlar hemme zatda size bil baglap biljekdigine düşünerler. Günüň ikinji ýarymynda dostlukly duşuşyk, hem romantik sene üçin amatly bolar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Üýtgeşik we gyzykly gün size garaşýar. Güniň birinji ýarymynda käbir garaşylmadyk wakalar we habarlar bolup biler şonuň üçin meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli bolarsyňyz. Käbir Esetler islendik päsgelçilikleri çalt ýeňip geçjekdikleri sebäpli, örän täsirli ýaranlary taparlar.Soň bolsa oňyn tendensiýalaryň täsiri birneme azalar. Günüň ikinji ýarymynda kärdeşler we ýakynlar bilen aragatnaşykda dartgynly pursatlar bolup biler. Gyzgyn çekeleşikleri aradan aýyryp bolmaz. Şeýle-de bolsa, olar peýdaly bolar we köp soraglara dogry jogap tapmaga kömek eder.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Günüň başynda hiç zat islegleriňiz boýunça gitmez. Işiň gijikdirilmegi we köne şertnamalaryň bozulmagy ähtimal. Käbir Sünbüllere şu wagt ünsi işe jemlemek kyn bolar. Möhüm ýygnaklary we gepleşikleri yza süýşürmek has gowudyr.Günüň ikinji ýarymy sizi begendirer. Täze işewürlik mümkinçilikleri açylar we siz olaryň hiç birini sypdyrmajak bolarsyňyz. Bu wagt şahsy gatnaşyklar nukdaýnazaryndan hem amatly bolar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Ajaýyp pikirler peýda bolar we basym olary durmuşa geçirmäge mümkinçilik taparsyňyz. Bu gün möhüm gepleşikler we hünär meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly gün. Täze ýaranlary tapmaga mümkinçilik bolar. Käbir Mizanlar hatda soňky garşydaşlaryny hem özüne çekip biler.Ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk şatlyk getirer. Size ýakyn bolanlara köplenç gowy düşünersiňiz. Günüň başy esasanam meşgul bolar, soň bolsa has rahat döwür garaşýar. Köne dostlary görmäge mümkinçilik bolar. Elbetde, olardan köp peýdaly zatlary öwrenersiňiz.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar. Olaryň goldawy bilen köp zat gazanyp bilersiňiz. Çylşyrymly meselelere seredip, çynlakaý meseleleriňizi çözüp bilersiňiz. Hiç zady äsgermezlik etmersiňiz, ýalňyşlyk goýbermersiňiz. Köp Akraplar üçin köp adamlar bilen düşünişmek aňsat bolar.Öýde adatdakysyndan has köp aladalar bolar. Gündelik käbir meseleleri çözmeli bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa, bu aýratyn kyn mesele bolup çykmaz we ýakynlaryňyz zerur bolsa kömek etmäge şat bolarlar.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Dartgynly pursatlar we düşünişmezlikler günüň birinji ýarymynda bolup biler. Bu gezek iş ýygnaklaryna ýa-da möhüm gepleşikleri geçirjek Kowuslar üçin has kyn bolar. Günüň ikinji ýarymy sizi begendirer. Siziň üçin aýratyn möhüm bolan we ret etmek islemeýän käbir meseleler bilen baglanyşykly gowy habar bolmagy ähtimal. Bu wagt maşgala meseleleri we dostlaryňyz bilen aragatnaşyk üçin hem amatly bolar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün möhüm we çylşyrymly meseleler üçin amatlydyr. Köp zady gowy ýerine ýetirersiňiz we ýoluňyzda ýeňip bolmajak päsgelçilikler bolmaz. Nagt girdejiler, garaşylmadyk çeşmelerden hem bolmagy ähtimal. Peýdaly geleşikler hem aýrylmaýar. Işewür gatnaşyklary berkitmäge we täze ýaranlary tapmaga mümkinçilik bolar.Adaty bolmadyk pikirler we täze meýilnamalar günortan ýüze çykyp biler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün ýakymly duşuşyklar bilen sizi begendirer. Käbir Daluwlar ozal köp gowy gatnaşan adamlar bilen aragatnaşyk gurup bilerler. Iş ýa-da dostlukly gatnaşyklaryň başlangyjy bolsa gerek. Romantiki gyzyklanma hem mümkindir. Günüň ikinji ýarymy söwda üçin aýratyn amatly bolar.
Hut (balyk21.02 – 20.03)
Günüň başlamagy kyn bolup biler. Bu wagt möhüm söhbetdeşlikler etmezlik has gowudyr: size düşünmezlik howpy bar we bu sebäpli çynlakaý meseleler ýüze çykar. Şeýle-de bolsa, alada etmegiň hajaty ýok. Soňky wagtda oňyn tendensiýalaryň täsiri artar. Başgalar bilen düşünişmegiň has aňsatlaşandygyny we düşünişmezligiň sebäpleriniň azdygyny görersiňiz.Günüň ikinji ýarymy aragatnaşyk üçin amatly bolar. Işewür duşuşyklar gowy geçer, köne dostlaryňyz bilen söhbetdeşlik sizi begendirer.