Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ykbalyň bagt ýyldyzynyň size nämeler diýýändigini bilesiňiz gelse, 9-njy fewraldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Üýtgeşmeler güni, islendik möhüm işiň başlangyjynyň goýup bilersiňiz. Size täze wezipe teklip edilip bilner. Ikirjiňlenmän razy boluň, ýakyn wagtda durmuşda möhüm üýtgeşmeler bolar. Aladalaryňyz we gizlin gorkularyňyz häzirki wagtda zyýanlydyr. Häzirki wagtda yhlas bilen zähmet çekmek iň zerur zatdyr.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün, kärdeşler we ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz durnuklylyk babatda synag edilip, gaýtadan gözden geçirilmegini talap etjek kyn, jedelli döwrüň başlangyjydyr. Ýakyn adamlaryňyzyň aladasyny we sabyrlylygyny hyýanatçylykly peýdalanmaň. Özüňizi pida etmek ukybyňyz indi olar we siz üçin zerur bolar. Saglygyňyza üns beriň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Gün, umuman, amatly bolar. Köp işlerde öz mümkinçilikleriňizi görkezip bilersiňiz. Siziň yhlasyňyz we zähmetiňiz ýakyn wagtda gowy netijeleri getirer. Ýoldaşyňyzyň bir zat bilen sizi geň galdyrmagy ýüregine düwden bolmagy ähtimal. Goňşularyňyzyň size edýän aladasyny äsgermezçilik etmäň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Durmuş potensialy ýokary derejede. Işiňizde üstünlik garaşýar. Üstünligiň has uly bolmagy üçin täsirli adamlaryň ýa-da hyzmatdaşlaryň goldawyny almaly bolarsyňyz. Köne, synagdan geçen we dogry ýollardan ýöräň, sizi itekläp biljek täzeliklerden gaça duruň. Şul ýagdaýda üstünlik sizinki bolar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün işiňizde köp zähmet talap eder, adaty jogapkärçilige adaty däl garaýyş dörär. Ýüze çykýan meseleleriň adatdan daşary çözgütlerini tapyp bilersiňiz. Ýyldyzlar synag möhletiniň entek gutarmandygyny duýdurýarlar. Günortan öýüň daşynda gezelenç etmek gowy bolar. Pyýada ýöremek siziň üçin peýdalydyr, netijede keýpiňiz gowulaşar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün aldaw we düşünişmezlik bilen tapawutlanar. Işiňiz bilen gyzyklanýan adamlary sypaýylyk bilen daşlaşdyrmaga synanyşyň. Ýyldyzlar iň uly meýilnamalaryňyza we maksatlaryňyza ýetmek üçin size kömek etmäge taýýardyr. Höweslendiriji habarlary alarsyňyz we göriplik edýän adamlaryňyzyň elinden ýitiren girdejili işlerine başlap bilersiňiz.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Ýyldyzlar maliýe çykdajylary üçin amatly ýagdaýy wada berýärler. Inisiatiwany goýmaň, kömege garaşmaň – hemme zady özüňiz ediň. Bu gün ozal diňe arzuw eden şertnamalaryňyza ýetip bilersiňiz. Dostlaryňyz we kärdeşleriňiz size minnetdar bolarlar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün wadala bermekden we gereksiz gepleşiklerden gaça durmaga synanyşyň. Sebäbi indi olar birek-birege gaharlanmakdan başga zat getirmez. Ýygnanan meseleler günüň birinji ýarymyny tutuşlygyna alyp biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Maşgalada parahatçylyk we ylalaşyk höküm sürer. Dostlaryňyzyň we garyndaşlaryňyzyň kömegi bilen girdeji gazanyp bilersiňiz. Ýakymly, garaşylmadyk sowgatlara garaşyň. Satyn alyşlar, durmuşyňyzy üýtgetmek, syýahat etmek üçin amatly wagt.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Güýjüňizi, aklyňyzy jemläp, girdejili maýa goýum ugurlaryny has işjeň gözlemeli. Hyzmatdaşlar bilen täze aragatnaşyk amatly bolar we geljekde girdeji getirer. Näme etseňizem, üstünlik size garaşýar. Şeýle-de bolsa, güýçli taraplaryňyza we mümkinçilikleriňize aşa baha bermäň, olar çäksiz däl.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Kyn şertlere uýgunlaşmak ukyby gerek bolar. Durmuşyňyzda uly üýtgeşmeleriň bolmagy gaty ahmal. Bu proses agyryly bolar, şonuň üçin nerwiňizi tygşytlamaly we howlukmaly däl. Saglygyňyza üns beriň. Iýmit rasionyňyza täzeden serediň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Günüň birinji ýarymy oňat bolup biler. Passiw bolmaly däl. Ýöne jedele-de girmeli däl. Bu ýagdaýda, gün üçin meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirip bilersiňiz. Ýyldyzlar şu gün çynlakaý iş gepleşiklerine başlamagy teklip edýärler. Şeýle-de bolsa, işleriň ahyrky netijesi keýpiňize we umumy işe bolan höwesiňize bagly bolar. Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen ýeňil dawa-jenjel bolup biler, ýöne gorkmak üçin hiç hili sebäp ýokdur.