SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

07-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 07 -nji  dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar üçin bu gün rahatlyk, sazlaşyk we söýgi güni. Soňky döwürde köplenç düşünişmezliklere duş geldiňiz. Munuň sebäbi, hatda ýakyn adamlar bilenem ylalaşmak islemezligiňizdir. Häzir gepleşik geçirmegiň, düşünişmegiň wagty geldi.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Geçmiş geçmişdir. Ony yzyna gaýtaryp bilmersiňiz. Sowurlar, köne we synagdan geçen shema görä hereket etmäge şeýle bir öwrenişdiňiz welin, ony islendik durmuş ýagdaýynda ulanýarsyňyz. Bu siziň esasy ýalňyşyňyz. Dünýä başgaça garamaga synanyşyň. Täze we näbelli zatlary synap görmekden gorkmaň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar, bu gün öz-özüňi ösdürmäge üns bermeli we azajyk pikirlenmeli. Uzak wagt bäri arzuw edip gelýän zatlaryňyzy ýadyňyza salyň. Ýakyn wagtda haýsy zatlary meýilleşdirýärsiňiz? Pikirleri kagyz ýüzüne ýazyň we ähli zatlary tertipleşdiriň. Ähli mümkinçiliklerden peýdalanyň. “Ýok” diýmekden gorkmaň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar, ýaşymyz ulaldygyça batyrgaý synaglara baş goşmakdan gorkýarys. Ýöne mümkin boldugyça geljegimizi rahat göz öňüne getirmek üçin näme päsgelçilik berýär? Has köp zat gazanmak isleseňiz, improwizasiýa ediň. Ertir üstünlikli bolmak üçin şu gün haýsydyr bir ähmiýetsiz zady ýitirmekden gorkmaň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler, çydap bolmajak ýüki çekeniňiz üçin däl-de, diňe göwnüňizden turmaýan zatlar sebäpli gaty ýadadyňyz. Haçana çenli töweregiňizdäkileriň peýdasyna öz bagtyňyzy pida edersiňiz? Durmuşyň gowulaşmagyny isleýärsiňizmi? Gündelik işlerden ýüz öwüriň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler, hakyky dünýä kämillikden gaty uzakda we ol biziň hyýallarymyza hiç haçan boýun bolmaz. Ýöne owadan bir zadyň tükeniksiz yzarlanmagy sizi iň möhüminden – hakyky durmuş üçin wagtdan mahrum edýär. Hyýaly dünýäde gezmegiňizi bes ediň we möhüm soraga jogap beriň: “Ertir bagtly oýanmak üçin şu gün näme etdiňiz?”

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar, özüňizi hyjuwyň we söýginiň düýbüne taşlamagyň wagty geldi. Uzak wagt bäri başga biriniň pikirine garaşly bolduňyz, emma beýle ýagdaýda durmuşyň nähili ajaýypdygyny göz öňüne getirip bilmersiňiz. Agşamlygyňyzy ýakyn adamyňyz bilen süýji saçagyň başynda geçirmek diýseň peýdaly we ýerlikli bolar. Şeýlelik bilen ýatdan çykmajak duýgulary başdan geçirersiňiz we özüňizi gyzyklandyrarsyňyz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar üçin bu gün ruhy amallaryň we özüňizi tanamagyň wagtydyr. Hemme zatda sazlaşyk siziň täze şygaryňyzdyr. Gülmek isleseňiz, has gaty gülüň. Aglamak isleseňiz, gaty ses bilen aglaň. Duýgulara erkinlik beriň. Bu gün hyýalbentlikden daşlaşmakdan gorkmaň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Ýerdäki jennet nirede? Aslynda bu mümkinmi? Kowuslar, bu we beýleki soraglara diňe içki dünýäňiz bilen dogruçyl gepleşiklerden soň jogap taparsyňyz. Özüňize we töweregiňizdäkilere mähirli boluň, gündelik şatlygyňyzy olar bilen paýlaşyň we ahyrynda dynç alyň. Iň gowy zatlara ynanyň, şeýlelikde hemme zat gowy bolar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler, akylly kitaplary we meşhur ylmy makalalary internetde ýygy-ýygydan okaýarsyňyz, şol ýerde ýazylanlaryň hemmesine ynanýarsyňyz. Esasy düzgüni ýadyňyzdan çykarmaň – maglumatlary diňe dogry, paýhasly düşüneniňizden soň kabul etmek möhümdir. Käwagt, kimdir biri tarapyndan ýazylan düzgünler siziň ýagdaýyňyz üçin düýbünden ýerliksiz bolup biler. Soň bolsa ökünýärsiňiz. Hemme zady ýüregiňize ýakyn almaň. Içki sesiňize görä hereket ediň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar, siz dogry gepleşikleriň deregine inkär etmek ýoluny ileri tutup, azajyk ýalňyşlyk goýberen ýaly. Düşüniň: düşünmezlikden we terk edilmekden has gorkunç zat ýokdur. Onda näme üçin ýoldaşyňyza muny etmäge het edip bilýärsiňiz? Ýan ýoldaşyňyz açyk we dogruçyl gatnaşyk gurmagy arzuw edýän ýaly. Siz hem şony talap edýärsiňiz. Ähli zady özüňizi üýtgetmekden başlaň we dünýäniň nähili üýtgejekdigini görersiňiz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar, daş-töweregiňizdäki adamlar sizi çyn ýürekden alada edýärler, size rahatlyk, bagt we ýagşylyk arzuw edýärler. Has akylly boluň – bu zatlary minnetdarlyk we ýeňil ýürek bilen kabul ediň. Siz öz häsiýetiňizi soň hem görkezip bilersiňiz. Ýöne ynamy täzeden gazanmak welin, diýseň kyn işdir.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama