SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

05-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Eger-de  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň   05-nji ýanwardaky  täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün ähli kynçylyklary ýeňip geçmek üçin özüňizi güýçli duýarsyňyz. Maşgala durmuşynda, ýakynlaryňyzyň biriniň nädogry hereketi sebäpli gatnaşyklarda kynçylyklar ýüze çykyp biler. Bu gün dostlaryňyz bilen duşuşyklary meýilleşdirmäň we hiç kim bilen jedelleşmäň.Günüň ikinji ýarymy düýbünden başgaça bolar. Köp zat gowy netije berer, iň batyrgaý iş üstünlik  bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu gün Sowurlar üçin amatly  gün bolar. Ýakynlaryňyz we dostlaryňyz  bilen düşünşersiňiz. Köp düşünşmezlikler geçmişde galar. Öňki öýke-kineli gatnaşyklary gowulandyrmak üçin bir mümkinçilik bolar.Bu gün peýdaly zatlar üçin hem amatlydyr. Wagt ýitirmek islemersiňiz we birbada birnäçe meseläni nädip çözmelidigini öwrenersiňiz. Käbir köne meýilnamalara dolanyp bilersiňiz we ýakynlaryňyz olary durmuşa geçirmekde kömek ederler.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün Jöwzalar üçin  ajaýyp gün. Täze tanyşlar  duýgylaryňyza we garaýyşlaryňyza baha bererler. Uzak wagt bäri dost bolan adamlar siziň bilen wagt geçirmekden hoşal bolarlar we islendik tekliplere aňsatlyk bilen jogap bererler.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Meýilleşdirilen wezipeleriňizi çalt ýerine ýetirersiňiz we köp güýç sarp etmegiň zerurlygy bolmaz. Köp meselelerde dostlaryňyz  size kömek eder. Bu gün söwda üçin amatly gün bolar. Siz  hakykatdanam gowy zatlary dogry saýlarsyňyz we olar üçin köp pul sarp etmersiňiz.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu gün özüňizi begendirmek üçin ýekeje mümkinçiligi sypdyrmajak bolarsyňyz. Gowy dynç almaga, dostlaryňyz bilen gowy wagt geçirmäge we ozal wagtyňyz bolmadyk zatlary etmäge mümkinçilik bolar. Bü gün siz üçin  ýatdan çykmajak pursatlardan doly bolar.Täze tanyşlaryňyza gowy täsir galdyrarsyňyz we ýakynlaryňyza gowy düşünersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Günüň başlangyjy möhüm söhbetdeşlikler üçin amatlydyr. Gepleşigiň näme hakda bolmagy möhüm däl,esasy zat dogry sözleri aýtmak. Öň diňe öz pikirini öňde tutanlaram  bu gün siziň pikiriňizi diňlärler. Bu gezek maliýe meseleleriňizi çözmek üçin amatly gün bolar.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Ýyldyzlar size bu gün  käbir kyn meseleleri çözmegiň wagtynyň gelendigini aýdýar. Bu gün uzak wagtlap mümkin bolmadyk zatlary doly çözmäge, çynlakaý meseleleri gözden geçirmäne  mümkinçilik taparsyňyz.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Öz tejribäňize we pikirleriňize bil baglaň. Duýdansyz pursatlardan we kyn ýagdaýlardan gaça durmaklyk maslahat berilýär. Güniň ikinji  ýarmynda iş ýeriňizde düşünişmezlik bolup biler.Şeýle-de bolsa, olar siziň keýpiňizi gaçyryp bilmezler. Begenmegiň sebäpleri bolar. Köpden bäri isleýän arzuwlaryňyz hasyl bolup biler.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Bu gün Kowusalar has özüne çekiji bolar we köpler muňa üns bererler. Ýakymly tanyşlar, dostlukly gatnaşyklaryň başlangyjy hem aradan aýrylmaýar. Durmuşa bolan gyzyklanmalaryňyzy we garaýyşlaryňyzy paýlaşýan adamlarňyz  bilen duşuşarsyňyz.Olar bilen aragatnaşyk gaty ýakymly bolar.Bu gün söwda etmek üçin amatly gün . Maliýe bilen baglanyşykly ähli zatlarda, öz pikirlerňize bil baglaň.

 Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Şu gün üstünlik siziň hemraňyz bolar..Täze tanyşlaryňyz  bilen dil tapyşmak aňsat bolar. Şol bir wagtyň özünde,hem  şahsy durmuşyňyzy gowulaşdyrmak mümkinçiligine eýe bolarsyňyz.Bu gün üçin uly meýilnamalaryňyz bar bolsa, mümkin boldugyça ir durmuşa geçirip başlaň. Täze başlangyçlar üçinem, has ir başlanan zatlary tamamlamak üçinem amatly gün bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Bu gün köp zat hakda pikirlenmek, birnäçe kyn meseläni çözmek üçin  amatly gün. Täze başlangyçlar üçinem, has ir başlanan zatlary tamamlamak üçinem amatly bolar. Günüň ikinji ýarymynda dynç almak islärsiňiz we size şeýle mümkinçilik bolar.

 

 

Hut (balyk21.02 – 20.03)    

Bu gün dünýäni düýpgöter üýtgedip bilmersiňiz, ýöne köne meseleleri çözmäge gaty ukyply bolarsyňyz.Gyzykly çärelere gatnaşmak, köpçüligiň öňünde çykyş etmek, ýaryşlara gatnaşmak üçin amatly gün bolup biler.

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama