Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň,04-nji ýanwardaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün möhüm we çynlakaý bir meseläni çözmek üçin amatly gün däl. Bu meseläni çözmekde ýakynlarňyzdan kimdir biri size kömek eder. Oňa bil baglap boljak gaty ýakyn biri bolar .Meýilnamalaryňyzy çözmäge, maslahat bermäge we ownuk ýalňyşlyklary düzetmekde kömek eder. Hamallar bu gün kiçijik söwda edip, uly gazanç edip bilerler.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün möhüm zatlar hakda pikirlenmek we kyn soraglara jogap tapmak üçin amatly gün. Ýakynlaryňyz we doslaryňyz kynçylykda size kömek ederler. Adaty bolmadyk tötänlikli duşuşyklar gyzykly pikirleri döreder we garaşylmadyk wakalar size köp peýda getirer. Ýakynlaryňyz bilen syýahatlara gidip bilersiňiz.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün ýyldyzlar jöwzalara gowy habar, gyzykly pikirler we özüne çekiji teklipler wada berýär. Golaýda islendik soragyňyza jogap bermäge we zerur bolsa kömek etmäge taýyn adamlar bolar. Öý işleri garaşyşyňyzdan has köp bolar. Käbir zerur gündelik işleri bilen meşgullanmaly bolarsyňyz. Munuň üçin köp wagt gerek bolmaz, ýöne käbir ýagdaýlarda az mukdarda pul sarp etmeli bolmagyňyz mümkin.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar üçin bu gün amatly gün bolar. Ýakynlaryňyzyň goldawy, uzak wagtlap edilmedik işleriňizde çynlakaý çemeleşmäge kömek eder. Duýgurlyk häzirki wagtda nämäni almalydygyny we nämäni goýmalydygyny size duýdyrar. Nagt girdejiler, garaşylmadyk wagtda bolmagy ähtimal. Bu gün okuw ýa-da iş bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin amatlydyr.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetlere bu gün öz pikirlerini diňlemeklik maslahat berilýär. Bu gün doslaryňyz bilen möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly gün. Daş-töweregiňizdäkileriň pikirlerini çaklamak we täze tanyşlar bilen düşünişmek aňsat bolar. Uzak wagtlap dil tapyşmadyk ýakynlaryňyza ýakynlaşmak üçin ilkinji ädimleri ätmäge synanşyň.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Ýyldyzlar size goldaw bermegi wada berýärler, şonuň üçin hem möhüm bir zady şübhesiz alyp bilersiňiz. Täze üstünlikleriňizde ilkinji üstünligi çalt gazanarsyňyz. Durmuşyňyzda möhüm rol oýnajak owadan romantiki hekaýa başlap biler.Bu gün myhmanlary kabul etmek üçin amatlydyr. Köne dostlarňyzy çagyryp bilersiňiz söhbetdeşlik üçin gyzykly mowzuklar köp bolar we käbir umumy meýilnamalar ýüze çykyp biler.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Möhüm meseleler üçin amatly gün. Käbir çynlakaý meseleleri çözüp, kyn ýagdaýa düşen adamlara goldaw berip bilersiňiz. Zähmetiňiziň kömegi bilen köp zat düzeler. Ýakynlaryňyz muňa begenerler..Töweregiňizdäki adamlar bilen gatnaşyklarňyzda dostluk peýda bolup biler.Ýakyn wagtda durmuşa geçirmek üçin ajaýyp pikirler bolar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün gaty gyzykly gün bolar. Kiçijik zatlar hakda alada etmezlige we ownuk düşünişmezliklere üns bermezlige çalşyň. Irden hemme zat meýilnama boýunça gitmez. Nädip hereket etmelidigiňize tiz düşünersiňiz. Käbir Akraplar dogry karar bermek üçin dostlaryň maslahatyndan peýdalanar.Günüň ikinji ýarymynda maşgala meselesine ünsi jemlemeli bolarsyňyz. Ýakynlarňyz bilen gowy düşünişersiňiz we köpden bäri dowam edip gelýän jedelleri nädip ortadan aýyrmalydygyna düşünersiňiz. Köne dostlaryňyzyň teklipleri göwnüňizden turar. Olara ikirjiňlenmän razy bolarsyňyz we ökünmersiňiz.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün hemmeler öz pikiriňizi aýdyp bilersiňiz, töweregiňizdäkiler sizi üns bilen diňlärler, dogry düşünerler. Geçmişiň käbir düşnüksiz ýagdaýlaryna düşünip bilersiňiz. Öý işlerini çalt edersiňiz we gündelik meseleleri aňsatlyk bilen çözersiňiz. Bu gün söwda üçin amatly,size we ýakynlaryňyza peýdaly boljak zatlary saýlap bilersiňiz.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün almak isleýän täze zatlaryňyzy alyp bilersiňiz. Köp zady gowy ýerine ýetirersiňiz we adatdakysyndan has täsirli bolarsyňyz. Duýgulara ýol bermezlige çalşyň. Maliýe meselelerini çözmäge howlukmazlyk has gowudyr. Size garşy guraljak duzagy kynçylyksyz ýeňip geçip bilersiňiz. Şol bir wagtyň özünde ýyldyzlar jedilere wagtyny biderek gidirmezligi we öňden arzuwlap ýören maksatlaryny amala aşyrmagy maslahat berýär.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Hiç ýere howlukmaň. Bu gün erbet bolmaz, ýöne gyssagly kararlaryňyz we gyssagly hereketleriňiz size we töweregiňizdäkilere kynçylyk döredip biler. Sizi gowy tanaýanlaryň maslahatyny diňläň. Garaşanňyzdan has köp aladalar bolup biler. Şu gün daluwlar ýakyn adamlary üçin zerur maslahatçy bolmaly bolarlar.
Hut (balyk21.02 – 20.03)
Şu gün hutlar ähli päsgelçilikleri ýeňip geçmeli bolarlar. Diňe özüňizi däl, beýleki adamlaryň meselelerini hem çözmeli bolarsyňyz.Köne tanyşlar size özlerini ýatladyp durarlar. Garaşylmadyk wagtda iş teklipleri gelmegi mümkin. Sabyrlylygy we tutanýerliligi ýaran tutunyň-da, täze ýeňişleri gazanmaga çalşyň.