Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 04-nji fewraldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Sabyrly bolup öz-özüňizi dolandyrmak günüň birinji ýarymynda peýdaly bolar. Öň gowy düşünşýänleriňiz bilen kiçijik gapma-garyşyklyk peýda bolup biler. Häzirki wagtda öňüňizde näme maksat goýsaňyz, şolara ýetmek üçin erk we erjellik gerekdigini biliň. Günortan hemme zat birneme aňsat bolar. Ýyldyzaryň goldawy netijesinde köp wagt bäri meýilleşdiren zatlaryňyzy ýerine ýetirersiňiz we netijeden kanagatlanarsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Düşünjäňizi diňläň. Bu gün meýilleşdiren zatlaryňyzyň hemmesini ýerine ýetirip, ýetmek isleýän maksatlaryňyza ýetmek üçin müňkinçilikler dörär. Öňden görüjilik töweregiňizdäkilerde uly täsir galdyrar; köpüsi sizden maslahat sorarlar. Öň saňa bil baglap bolmajakdygyna şübhelenýän adamlar nädogrydygyna düşünip bilerler.Nagt girdejiler, garaşylmadyk çeşmelerden hem bolmagy ähtimal.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün siz üçin gaty amatly gün garaşýar.Ýakynda sizi we ýakynlaryňyzy binjalyk eden käbir meseleleri çözmäge mümkinçilik bolar. Iş bilen baglanyşykly täze meýilnamalar peýda bolup biler. Olary derrew durmuşa geçirip bilmersiňiz, ýöne biraz soň meýilnamalaryňyza hökman dolanarsyňyz.Pul bilen baglanyşykly karar bermek ýa-da öňünden meýilleşdirilmedik uly birzady satyn almak maslahat berilmeýär. Şahsy gatnaşyklar babatynda oňyn tendensiýalaryň täsiri agdyklyk eder.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün diňe bir özüňiz bilen däl, eýsem beýleki adamlaryň işleri bilenem meşgullanmaly we ýüze çykan meseleleri çözmeli bolarsyňyz. Şol sebäpli islendik gatnaşyk adatdaky ýaly sazlaşykly bolup bilmez. Size kynçylyk döredýän zatlardan gaça duruň. Güniň ikinji ýarymynda düýbünden täze bir zady alyp bilersiňiz. Öň pikir edýän isleriňize tiz düşünersiňiz, ýalňyşlyk goýbermersiňiz we ilkinji üstünlikleriňize çalt ýetersiňiz.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Gün diýseň dartgynly bolar. Islendik hadysalara reaksiýaňyz gaty ýiti bolar. Şeýle hem köp Esetlere öz duýgularyna düşünmek kyn bolar. Şol sebäpli islendik gatnaşyk adatdaky ýaly sazlaşykly bolup bilmez.Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen oňyn tendensiýalaryň täsiri artar.Üstünlikli tötänlikler we gowy habarlar sizi begendirer.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Bu gün ýitirilen gatnaşyklary dikeltmek üçin gowy gün. Geçmişde eziz we size ýakyn bolan adamlaryň ýene-de ýoluňyzda peýda bolmagy ähtimal. Geçmiş bilen baglanyşykly ýalňyşlyklary we düşünişmezlikleri düzedip bilersiňiz. Geljekdäki meýilnamalaryňyzy, pikirleriňizi öz içiňizde saklap, känbir olar barada gürlemezlige çalşyň
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Gün sabyrlylygy talap edýär. Hemme zat derrew netije bermez; işde gijikdirmeler, şeýle hem başlan zadyňyzy wagtynda ýerine ýetirmegiňize päsgel berýän käbir betbagt tötänlikler bolup biler. Ýöne ähli kynçylyklaryňyzy ýeňip geçersiňiz. Köne tanyşlaryňyz we dostlaryňyz size kömek eder.Möhüm ýygnaklar meýilleşdirilen bolsa, olara çynlakaý taýýarlyk görüň.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Günüň başlangyjy üstünlikli bolar. Biderek wagt ýitirmersiňiz, şonuň üçin köp çynlakaý meseläni çalt çözersiňiz. Öň düşünişmek kyn bolan adamlar siziň pikirleriňizi goldarlar.Günüň ikinji ýarymynda şahsy meseleleriňize ünsi jemläp, ýakynlaryňyza üns bermek islärsiňiz. Siziň üçin eziz bolanlary begendirjek bolarsyňyz we üstünlik gazanarsyňyz.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Belki, täze we üýtgeşik bir zat islärsiňiz. Ýöne durmuşda düýpli üýtgeşmelere howlukmazlyk has gowudyr. Bu gün synaglara garşy durmak size kyn bolar.Şonuň üçin duýgularyňyzy diňläň we seresap boluň.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün ownuk-uşak zatlar hakda hiç kim bilen jedel etmäň. Möhüm meseleleri diňe özüňize ýakyn görýänleriňiz bilen ara alyp maslahatlaşmak gerek. Häzirki wagtda beýlekiler bilen aragatnaşyk etmek adatdakysyndan has kyn bolar.Ýöne özbaşdak hereket etseňiz köp zatlara ýetersiň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Adatdakysyndan has ýygy-ýygydan üns merkezinde bolarsyňyz. Daş-töweregiňizdäki adamlar siziň aýdýanlaryňyz we edýän zatlaryňyz bilen gyzyklanarlar. Kimdir biri tejribeleriňizi paýlaşmagyňyzy ýa-da diňe özüňiz hakda has giňişleýin maglumat bermegiňizi islär. Gaty soraglara jogap bermäge taýyn boluň.Täze ýaranlary tapmaga mümkinçilik bolar. Mümkin, olar gaty üýtgeşik adamlar bolup çykarlar, olar bilen aragatnaşyk size ylham berer we tanyş ýaly köp zatlara täzeçe garamaga kömek ederler.
Hut (balyk21.02 – 20.03)
Başgalar bilen düşünişmek adatdakysyndan has kyn bolar. Hatda köne tanyşlaryňyz bilenem düşünmek kyn bolar. Günüň ikinji ýarymynda peýdaly işler üçin amatly bolar. Işleri üstünlikli tamamlarsyňyz we köpden bäri ýetmek isleýän zatlaryňyza ýetersiňiz. Soň bolsa şahsy meselelere ünsi jemlemek üçin amatly pursat bolar. Ýakynlaryňyza üns bermäge we size aýratyn eziz bolan adamlar bilen wagt geçirmäge mümkinçilik bolar.