Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 3-nji iýundaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz
Bu gün hamallar pessimist bolup bilerler. Bolýan her bir zat olaryň nägilelik we lapykeçlik etmegine sebäp bolar. Şeýle-de bolsa, bu zatlar gaty köp mukdarda bolmaz, ýeňil geçer. Hamalaryň bu gün üçin möhüm bir meýilnamasy bar bolsa, ony yza süýşürmek has gowudyr. Häzirki wagtda islendik işe onuň passiwligi we kararsyzlygy päsgelçilik döreder.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar bu gün melanholiýa we umytsyzlyk duýarlar. Düýn edip gutarmadyk zatlaryňyzy bu gün hem gutaryp bilmersiňiz. Hemme zat siziň islegiňize baglydyr. Eger başlamak islemeseňiz, işiňizi jemläp hem bilmersiňiz. Bu gün höwessizlik duýup bilersiňiz. Şonuň üçin-de, eger käbir işleri soňa goýup bilýän bolsaňyz, ony häzir etmek peýdaly bolardy.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalaryň gündelik durmuşynda hiç hili üýtgeşiklik meýilleşdirilmeýär. Işler kän bir çekeleşiksiz gider we kabul edilen kararlar deňagramlylygy bilen tapawutlanar. Üstesine-de, jöwzalar häzirki wagtda seresaplylygy makul bilip, töwekgelçilik etmäge meýilli däldir. Hawa, bu gün uly üstünlikler bolmaz, ýöne ýakymsyz şowsuzlyklar hem garaşylmaýar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Seretanlar bu güni ýüreklerini gysdyryp geçirmekleri ähtimal. Bir tarapdan, çyn ýürekden iň bolmanda ýönekeýje gyzykly bir zat etmek islärsiňiz. Başga bir tarapdan, munuň üçin gaty az mümkinçilik bolar. Daş-töweregiňizdäkilerden biriniň başlangyç edip, sizi bu passiw ýagdaýdan çykarmagyna garaşmaly dälsiňiz. Seretanlaryň bu gün özbaşdak güýmenje tapmagy-da ähtimal. Garaz, käwagt içgysgynç bolmagyňam zyýany ýok.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler bu gün tanyşlarynyň hemmesinde diýen ýaly konserwatiw we könelişen alamatlary görerler. Esasanam beýlekileriň öz pikirlerini kabul etmezligi esetleriň gaharyny getirer. Emma esetleriň bu hereketi diňe kejirligi sebäplidir.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Häzirki wagtda sünbüleleriň sadalygyndan peýdalanmak isleýänleriň hemmesi dynç alyp bilerler: haýsydyr bir işi onuň boýnuna dakmak kyn bolar. Aslynda, sünbüleler garşy çykmaz – diňe ikirjiňlener we uzak wagtlap pikirlener. Bu zatlar üçin welin töwerekdäkilerde ýeterlik sabyr bolmaz. Ýöne bu gün sünbüleler öz işlerinde hem çalasyn bolmazlar. Bütin günlerini pikirlenmek we dynç almak üçin sarp ediler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Häzirki wagtda mizanlarda bir zady üýtgetmegiň zerurlygy ýiti duýulýar. Durmuşdaky ýa-da gatnaşyklardaky islendik üýtgeşiklik mizanlara esassyz, manysyz we umuman zerur däl ýaly bolup görünýär. Kimdir biri şu gün haýsydyr bir uly üýtgeşmeleri geçirjek bolsa, bellemeli zat: munuň üçin bu gün iň gowusy däl. Bu esasanam mizanlara degişlidir.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün akraplarda kän bir üýtgeşiklik, täsirli wakalar bolmaz. Işler aňsatlyk bilen amala aşyrylar we ykbal jemgyýetdäki ornuňyzy berkitmek üçin gowy mümkinçilik döredip biler. Bagty gorkuzmazlyk üçin, akraplar şu gün daşky görnüşinde-de, özüni alyp barşynda-da ýalňyş, artykmaç hereketlerden gaça durmalydyr.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Häzirki wagtda kowuslar täze tanyşlyklary isläp durmazlar. Umuman aýdanyňda, hemme zada uly üns bererler. Emma tanyşlyk şu gün bolaýsa, onuň berk we uzyn boljakdygyna garaşyp bileris. Häzirki wagtda tapylan dost, köp ýyllap kowuslar üçin iň ýakyn we iň söýgüli bolup biler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün jedileriň akyly diňe bir ýitileşmän, eýsem tankydy pikirlenmek ýaly peýdaly alamaty bilen sazlaşykly üstüni ýetirer. Başga bir söz bilen aýdylanda, bu gün jedileriň adatdakysyndan ýaramaz pikirleri az bolar we islenilmeýän zatlary etmek ähtimallygy-da gaty az bolar. Şeýle oňat pursady sypdyrmaly dälsiňiz, sebäbi hut şu gün jedileriň ähli soraglaryny we meselelerini iň oňat görnüşde çözmäge mümkinçiligi bar.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Daluwlar bu gün gaty seresap bolarlar. Olardan şu gün karz soramaga synanyşyp hem oturmaň – bermez! Ýa-da gaty bir islemeýän zadyny berer. Umuman aýdanyňda, gapjygyna degişli ähli zatda daluwlar häzirki wagtda hiç hili eglişik etmez.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Häzirki wagtda hutlar pikirlerinde gezip ýörerler. Haýsysy gowy: aýgytly hereket etmekmi ýa-da seresap bolmak? Emma siziň bu pikir edişiňizde wagtyňyzy we mümkinçilikleriňizi ýitirmek howpy abanýar. Jogap hakykatdanam düşnüklidir: bu iki häsiýetden haýsy-da bolsa birini saýlaman, olary birleşdirmäge synanyşyň. Umuman aýdanyňda, hutlar üçin şu gün üstünligiň açary şu jümlä meňzeýär: “Geldim, pikirlendim, ýeňdim”.
02-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama