Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 02-nji martdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün düşünişmezlikler we jedellerden gaça durmaklyk maslahat berilýär.Esasanam günüň başynda.Öň gowy düşünişen adamlaryňyz size düşünmezligi mümkin, gepleşikleri adatdakysyndan has kynlaşdyryp biler. Ýöne Ýyldyzlar size köp zatlarda üstünlik gazanmaga kömek eder.Bu gün maliýe meselelerini çözmek üçin amatly bolar. Pul we gymmatly emläk bilen baglanyşykly hemme zatda öz duýgyňyza bil baglaň. Agşam sowgatlar we ýakymly garaşylmadyk wakalar bolar.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Günüň başy aladalardan doly bolar. Birbada birnäçe zat bilen iş salyşmaly bolarsyňyz beýleki adamlaryň ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykan meseleleri çözmeli bolarsyňyz. Islenýän netijäni gazanmak elmydama aňsat bolmaz. Kömek gerek bolsa munuň üçin köne dostlaryňyza ýüz tutup bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda maşgala problemalary bilen meşgullanýan Sowurlar gowy habarlary alarlar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün uly meýilnamalaryňyz hiç kimiň kömegine ýa-da maslahatyna garaşman, özüňiz durmuşa geçirip başlamaklyk maslahat berilýär.Jöwzalaryň köpüsi üçin duýgurlyk uzak möhletli maksatlara nädip ýetmelidigini, köne meseleleri çözmegiň ýollaryny görkezer. Garaşylmadyk çeşmelerden nagt girdejiler we üstünlikli amallar müňkin.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün adatdakysyndan has köp ownuk-uşak meseleler we düşünişmezlikler ýüze çykyp biler.Daş-töweregiňizdäki adamlar size hemişe dogry düşünmezler. Sabyr ediň we iň ýönekeý zatlary gaýtalap düşündirmäge taýyn boluň.Günüň ikinji ýarymynda täze pikirler peýda bolar, durmuşa geçirilmegi hiç hili kynçylyk döretmez.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Bulaşyklyklardan gaça durmak mümkin däl. Günüň emosional ýagdaýy dartgynly bolar, hatda adatdakysyndanam ownuk wakalara has ýiti reaksiýa görkezersiňiz. Jedeller işde we öýde bolup biler. Ýöne çynlakaý ýalňyşlyk goýbermersiňiz, soňundan ökünjek zadyňyzy etmersiňiz. Köp Esetler ýakynlarynyň maslahatyny diňlär we ökünmez. Agşam alamatyň maşgala wekillerini gowy habar bilen begendirer.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Güýjüňize aşa baha bermäň. Häzirki wagtda köp zat mümkin ýaly bolup görüner, ýöne möhüm uly we çylşyrymly bir zady kabul etmezden ozal üstünlik gazanmak mümkinçiligiňiziň näderejede uludygy hakda pikirlenmeli.Günüň ikinji ýarymy gyzykly zatlary getiriler.Sowurlaryň köpüsi bu wagt nämä ukyplydygyny görkezmäge mümkinçilik alarlar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Möhüm meseleleri uzak saklamaň. Bu günüň başy çynlakaý meseleleri çözmek üçin iň amatly bolar. Hünär pudagynda gowulaşmak üçin üýtgeşmeler bolmagy ähtimal. Güniň ikinji ýarymynda peýdaly maglumatlary almaga, şeýle hem tejribesi peýdaly bolup görünýän adamlar bilen maslahatlaşmaga mümkinçilik bolar. Bu wagt gelejek hakda pikirlenmek we ýakynlaryňyz bilen bilelikde durmuşa geçirjek meýilnamalaryňyzy düzmek üçin amatlydyr.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu wagt köp Akraplar geçmişdäki käbir ýakymsyz wakalary ýada salar, köne problemalara akyl taýdan gaýdyp geler we köp wagt ozal goýberen ýalňyşlyklary üçin özlerini günäkärlärler. Aragatnaşykdaky dartgynly pursatlar hem aradan aýrylmaýar, hatda beýlekileriň bigünä sözleri hem kemsidiji bolup görünýär.Emma oňyn tendensiýalaryň täsiri ýakyn wagtda artar. Günüň ikinji ýarymy köp täze mümkinçilikleri açar we uzak möhletli maksatlara ýetmäge mümkinçilik döreder. Şeýle hem romantiki duşuşyklar üçin gaty amatly bolar.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Pul bilen baglanyşykly hemme zatda seresap boluň! Bu gün şübheli şertnamalar baglaşmak üçin amatly däl. Döredijilik işi häzirki wagtda köp Kowuslar üçin amatly bolar. Agşam syýahat we gezelenç üçin amatlydyr. Ýakynlaryňyz bilen bilelikde wagtyňyzy gowy geçirersiňiz.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Günüň başynda ownuk-uşak zatlara ünüs bermeseňiz çylşyrymly meseleleri çözmek üçin ajaýyp iş edersiňiz. Öň beýleki adamlaryň işlerine goşulmazlygy makul bilýän adamlar size kömek etmek isleýärler. Olar gaty ygtybarly we peýdaly ýaranlar bolup bilerler, ýöne iň möhüm meseleleri özüňiz çözmeli bolarsyňyz.Günüň ikinji ýarymynda käbir gymmatly maglumatlary alyp bilersiňiz. Munuň netijesinde meýilnamalaryňyzy düzedip bilersiňiz ilki bilen nämäniň çözülmelidigini we nämäni goýup boljakdygyna düşünip bilersiňiz.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Günüň başlamagy kyn bolar. Hatda ownuk meseleler hem iň täsirli Daluwlary aladalandyryp biler.Günüň ikinji ýarymynda oňyn tendensiýalaryň täsiri agdyklyk eder. Bu, esasanam romantik gatnaşyklar ulgamynda göze ilýär. Akraplaryň iň uly arzuwlary hem hasyl bolup biler. Nagt girdejiler we sowgatlar hem ähtimal.
Hut (balyk21.02 – 20.03)
Biderek zatlar hakda alada etmäň sebäbi oňyn tendensiýalaryň täsiri agdyklyk eder. Ýöne haýsydyr bir päsgelçilik peýda bolsa, olary ýeňip geçmegiň ýoluny tiz taparsyňyz. Bu gün dürli adamlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin amatly; hatda ozal düşünişip bilmediklere-de çemeleşip bilersiňiz.Adaty meseleler adatdakysyndan birneme köp wagt talap edip biler, ýöne iň möhümlerini hökman wagtynda ýerine ýetirersiňiz. Pul bilen baglanyşykly islendik meseläni çözmegi günortana çenli yza süýşürmek has gowudyr: şu wagt duýgyňyz size nähili hereket etmelidigiňizi aýdar.