SPORT

Žurnalistleriň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi

Şu gün Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty  Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebinde ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de žurnalistika hünärinden bilim alýan talyplary gatnaşmagynda şaşka boýunça ýaryş geçirildi. Üstümizdäki ýyl 2-nji gezek geçirilýän bu ýaryş Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty  Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebiniň hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty tarapyndan geçirildi.

Žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşy 2 toparda, ýagny erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda guraldy. Bu şaşka ýaryşy şweýsar ulgamynda, ýagny deňeçerleriň duşuşygy görnüşinde geçirildi. Ol 7 tapgyrdan ybarat bolup, bäsleşigiň dowamynda her döwde ýeňlenler we üstün çykanlar bir-birleri bilen duşuşdylar. Bäsdeşler bolsa kompýuter arkaly atylan bije esasynda kesgitlenildi. Munuň özi ýaryşyň adalatly bolmagyny kepillendirýän bütin dünýäde synagdan geçen usuldyr. Galyberse-de, bu ýaryşa gatnaşan her bir žurnalist biri-biri bilen oýnamaga mümkinçilik aldy.

BAÝRAK GOWŞURYLYŞ DABARASY

7 tapgyrdan soňra emin agzalary tarapyndan ýaryşyň jemleri jemlendi. Şonuň netijesinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän žurnalistlere «Makul Hyzmat» Terjime Merkezi tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşurdy.

ERKEKLERIŇ ARASYNDA ÝEŇIJILER:

  1. Bekdurdy Atabaýew – “Türkmen sporty” gazetiniň žurnalisti.
  2. Merdan Baýadow – “Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň žurnalisti.
  3. Aýdogdy Akmämmedow – žurnalist.

ZENANLARYŇ ARASYNDA ÝEŇIJILER:

  1. Aýgül Gurbansähedowa – “Ýaşlyk” telelýaýlymynyň žurnalisti.
  2. Zyba Suhanowa – “Miras” radioýaýlymynyň žurnalisti.
  3. Merjen Atagarryýew – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Mälim bolşy ýaly, bu ýaryş ilkinji gezek geçen ýyl geçirilipdi we 2019-njy ýylyň aprel aýynyň 30-ynda geçirilen žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşyna uly gyzyklanma bolupdy.

 

Ýene-de okaň

“Barselona” topary Rafinýa bilen täze şertnama baglaşdy

“Barselona” topary baş tälimçisiniň şertnamasyny uzaltdy

41 ýyldan soňra UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Klopp “Roma” toparyna tälimçi bolar

“Galatasaraý” topary 25-nji gezek çempion boldy

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny gazandy