BILIM

Ýylyň sözi – “hakyky”

ABŞ-nyň iň gadymy sözlük neşirýatlaryndan “Merriam Webster” 2023-nji ýylyň sözüni saýlady.  Şoňa laýyklykda, ol “Authentic”, ýagny “hakyky” sözi boldy.

Sözlük düzüjileriň toplan maglumatyna görä, emeli aň ulgamy barada gep-gürrüňler we jemgyýetçilik torlaryndaky maglumatlar bu sözüň ýylyň sözi hökmünde saýlanyp alynmagyna sebäp boldy.

Şu ýyl bu sözi gözleýänleriň “çynlakaý ýokarlanandygyny” gören “Merriam-Webster” sözlügi, sözüň birden köp manysynyň bolmagy bu ösüşde täsirli bolandygyny mälim etdi. “Hakyky” sözi: Asyl, hakyky, ygtybarly, zerur, asyl, ynanylýan ýaly manylary berýär.

Bu sözüň meşhurlyk gazanmagyna dünýä belli işewür Ilon Mask hem goşant goşupdyr. Ol özüniň jemgyýetçilik torunda “Adamlar has hakykyçyl bolmaly” diýip bellemegi bilen bu sözi gözlänleriň sany has-da artypdyr.

2022-nji ýylda “Merriam Webster” sözlügi “gazlaýting” sözüni ýylyň sözi hökmünde yglan edipdi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary