BILIM

Ýyldyzlaryň şowly reňkleri

Hamal (guzy) we olaryň şowly reňki: Gyzyl we tonlary, hamal ýyldyzlarynyň iň şowly reňklerinden biridir. Gyzyl, energiýany, hereketliligi, agressiýany we arassalygy alamatlandyrýar we oňat hasaplanýar.

Sowur (öküzçe) we olaryň şowly reňkleri: Sowur ýyldyzlaryna şowlulyk getirýän reňkleriň arasynda ýaşyl we ýer tonlary bar. Ýaşyl reňkdäki her dürli eşik, Sowur ýyldyzlaryna şowlulyk getirýär.

Jöwza (ekizekler) we olaryň şowly reňkleri: Merkuri planetasy tarapyndan dolandyrylýan jöwza ýyldyzynyň şowly reňkleri sary we mämişi reňklerdir. Bu reňkde geýilýän eşikler ýa-da esbaplar bu ýyldyz belgisine oňyn energiýa berýär we üstünlik getirýär.

Seretan (leňňeç) we olaryň şowly reňkleri: Suw alamatlarynyň biri bolan seratan ýyldyzynyň şowly reňkleriniň arasynda ak we çal bolýar. Arassalygy we merhemeti aňladýan bu reňkleri geýmek, bu ýyldyzlara üstünlik getirýär.

Eset (ýolbars) we olaryň şowly reňkleri: Gün tarapyndan dolandyrylýan eset ýyldyzlary hem reňk hakda ynamly reňkleri halaýar. Mämişi, altyn we gyzyl reňkler olara şowlulyk getirýär.

Sünbüle (gyz) we olaryň şowly reňkleri: Merkuri tarapyndan dolandyrylýan sünbüle ýyldyzlary sary we ýer tonlary ýaly reňkleri halaýar. Bu äheňdäki bir zat ýa-da eşik olara üstünlik getirýär.

Mizan (terezi) we olaryň şowly reňkleri: Howa alamatlarynyň arasynda ýerleşýän mizan ýyldyzlarynyň şowly reňkleri gülgüne we açyk gökdür. Ajaýyp we owadan görnüşi halaýan reňkleriniň eşigi bilen tanalýan bu ýyldyz alamatlaryna, şu reňklerde sowgat edip bilersiňiz.

Akrap (içýan) we olaryň şowly reňkleri: Mardop we gyzyl reňkler ýyldyzlaryň sekizinji alamaty bolan akraplara şowlulyk getirýär.  Bu ýyldyzlar gök we ýaşyl reňklerden gaça durmaly.

Kowus (keman) we olaryň şowly reňkleri: Magenta, gögümtil we gyrmyzy reňkler kowus ýyldyzlaryna şowlulyk getirýän reňkleriň arasynda. Erkin ruhly Kowus ýyldyzlaryna bu reňkde eşik ýa-da esbap bagt getirýär.

Jedi (owlak) we olaryň şowly reňkleri: Saturn tarapyndan dolandyrylýan jedi ýyldyzlary üçin amatly reňkler goýy goňur we garadyr. Düzgün-nyzamly ýagdaýy bilen tanalýan bu ýyldyz belgisine goňur reňkdäki önümleri hödürläp bilersiňiz.

Daluw (gowa) we olaryň şowly reňkleri: Ýyldyzlaryň on birinji alamaty bolan daluwlaryň saýlamaly reňkleri gök we ýaşyldyr. Ak we açyk reňkler daluw ýyldyzlary üçin hem peýdalydyr.

Hut (balyk) we olaryň şowly reňkleri: Ak, ýumşak gök we lawanda reňkleri Ýupiter tarapyndan dolandyrylýan hut ýyldyzlaryna şowlulyk getirýär. Gara we garaňky reňkdäki äheňlerden uzak durmalydyrlar.

BäsleÅŸikler we tenderler barada…

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlary Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde mugt okap bilerler

Türkmenistanyň we Somaliniň bilim ulgamynyň onlaýn duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda STEM biliminiň ösdürilmegine üns berler

Ata Watan Eserleri

“Türkiýe talyp haky-2025” maksatnamasy başlaýar

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi