SIZDEN GELENLER

Ýuwaş ummany barada

Ýuwaş ummany hakda gyzykly maglumatlar size bu äpet suw howdanynyň köp aýratynlyklary we syrlary barada gürrüň berer. “Ýuwaş” sözüniň göçme manysynda bu ummany atlandyrmagyň kyndygy bellärliklidir, sebäbi suwlarynyň üstünde beýleki ýerlerden has köp tupan bolýar.

  • Ýuwaş ummany planetamyzdaky iň uly we iň çuň suw howdanydyr.
  • Ýuwaş ummanyň göwrümi 710,36 million km², deňizleri hem öz içine alýan meýdany 178,68 million km².
  • Halkara sene liniýasy bu ummanyň üstünden geçýär. Ýagny, şu ýerde täze gün başlaýar.
  • Ýuwaş ummanyň ortaça çuňlugy 3984 m.
  • Ýuwaş ummany ilkinji bolup geçmek Fernan Magellana başartdy. Munuň üçin 4 aý gerek boldy.
  • Hut Magellanyň özi bu ummana Ýuwaş umman diýip atlandyrýar. Ol ýüzüp geçen döwründe açyk we gowy howa bolup, ummanyň tolkunlayr ýuwaş bolandygy üçin oňa “Ýuwaş” diýip at berýär.
  • Ýuwaş ummany Bütindünýä ummanynyň umumy biomassasynyň 50% -den gowragyny öz içine alýar.
  • Hut şu suw howdanynda dünýäniň iň çuň nokady – “Çellenjer çuňlugy” ýerleşýär. Mariana çukuryndaky bu bölümiň çuňlugy 10,994 metre ýetýär.
  • Ýuwaş ummanyň içinde 25,000-den gowrak ada bar, olaryň aglabasy köplenç wulkanyň atylmagy sebäpli ýüze çykypdyr.
  • Ummanyň düýbünde takmynan 10000-e golaý dag bar. Olar esasan öçen wulkanlardyr.
  • Ýuwaş ummanynda diňe şol ýerde ýaşaýan we başga hiç ýerde ýaşamaýan iň gadymy balyklar ýaşaýar.
  • Bu ýerde uzynlygy 200 metre ýetýän suwotularyna duş gelmek bolýar.
  • Ýuwaş ummanynda gyzylbalyklar maşgalasyna degişli balyklaryň 95 göterimi ýaşaýar.
  • Geçen asyryň başynda, takmynan 13000 km uzynlygynda ummanyň düýbünden taryhda ilkinji telegraf kabeli çekildi.
  • Ýuwaş ummanyna degişli adalaryň iň ulusy Täze Gwineýadyr.
Tirkişguly Allagulyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/koytendag-dag-ekoulgamy-ozune-bendi-edyar/

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti