SIZDEN GELENLER

Ýürek üçin peýdaly önümler

Dogry iýmitlenmek uzak ömrüň we sagdyn ýüregiň, gan damarlarynyň açarydyr. Şonuň üçin saglygymyzy berkitmek we gerekli önümler bilen iýmitlenmelidiris. Ýüregiň bedendäki hyzmaty we onuň aýratynlyklary örän uludyr. Ýürek sagatda ortaça 4 müň 200 gezek urýar we 300 litr gany öz üstünden geçirýär. Ýürekde elmydama bedeniň umumy gan mukdarynyň 5 göterimi saklanýar. Ýüregiň sagdyn, berk bolmagy üçin günüň dowamynda 30 minut beden maşklary, sport bilen meşgullanmak ýürek-damar keselleriniň döremeginiň 80 göterim öňüni alýar.

Ýürek gan damar ulgamy üçin düzüminde kaliý köp bolan miweler has peýdalydyr. Gan damarlarynyň diwarlaryny we ýürek myşsalaryny güýçlendirýän banan we hurmadyr.

Limon we nar gan aýlanyşyny gowulandyrýar, alma ganyň holesteriniň derejesini peseldýär.

Ýürek üçin iň peýdaly iýmitler ýaprakly gök önümlerden taýýarlanylan işdäaçarlar, sogan, ysmanak we başgalardyr. Olar gany kislorod bilen baýlaşdyrmaga kömek edýän, impulsy kadaly ýagdaýa getirýän we gan damarlarynyň döremeginiň öňüni alýan köp mukdarda magniý bardyr.

Ýürege sagdyn önümleriň arasynda esasan hem şu  aşakdakylar bardyr:

  • pomidor – ganazlygyň, ýürek agyrynyň döremeginiň öňüni alýar;
  • sarymsak – gan basyşyny peseldýär, gan aýlanyşyny gowulandyrýar, gandaky holesteriniň derejesini peseldýär;
  • kädi – düzüminde köp mukdarda kaliý we C witamini bar, gan basyşyny peseltmäge kömek edýär.
  • hoz- ýürek myşsasynyň işleýşini gowulandyrar, çynlakaý keselleriň döremek howpuny azaldar, ýady we pikirlenmäni gowulaşdyrar. Şol bir wagtyň özünde, hoz belogyň ajaýyp çeşmesidir.

Guradylan miweleriň peýdalary bişen miwelerden has ýokarydyr we möwsüme garamazdan, içindäki iýmitleriň saklanmagy bilen baglanyşyklydyr. Guradylan erik kişdesi we kişmiş ýürek myşsasyny güýçlendirýär we bedene köp witamin berýär.

Amangeldi Hojamberdiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

 

Terbiýeçilik buýsanjy

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz