JEMGYÝET

Ýurdumyzyň wekiliýeti Wýetnamda iş saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şäher gurluşygy ulgamynda ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem işewürler maslahatyny, duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin 2022-nji ýylyň 27-nji iýuny-1-nji iýuly aralygynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Şeýle hem iş maslahatyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zaman gurluşyk senagatynyň ösen ýurdy hökmünde belli bolan Wýetnam bilen bu ugurda tejribe alyşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Buýrugy bilen Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu döwlete iş saparyna iberilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy bu saparyň ähmiýetli boljakdygyny belläp, toplanylan tejribäniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Şunda gurluşyk işlerinde, binalaryň enjamlaşdyrylyşynda we merkeziň bezeg aýratynlyklarynda bir bitewi sazlaşyk emele gelmelidir.

 

Hytaýa yzygiderli awiagatnawlary ýola goýýar

Ýene-de okaň

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi açylar

Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-eýran welaýatara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Türkmenistana çagyrdy

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi