JEMGYÝET

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Düýn Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde 5-nji iýulda badalga alan “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarays geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň türgenleri hem ýeňijileriň arasynda orun aldy. T2 kategoriýasynda bäsleşen doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler 2-nji orny, Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow bolsa 3-nji orny eýeledi.

Şeýlelikde, halkara ralli ýaryşynyň 14-njisi tamamlandy. 11 gün dowam eden bäsleşik 5 müň kilometrden gowrak menzil aşylyp, Mongoliýada tamamlandy. Ralli ýaryşy dürli kategoriýalarda geçirilip, ähli kategoriýalar hem soňuna çenli çekeleşikli geçdi.

Ulan-Bator şäherinde geçirilen ýeňijileri sylaglamak dabarasynda Mongoliýanyň Prezidentiniň gutlag haty okaldy. Mongoliýanyň Prezidentiniň geňeşçisi Çoýmaagiýn Lodoýrawsal gutlag hatyny okap, döwlet Baştutanynyň “Ýüpek ýoly” rallisiniň iri we gyzykly sport wakalarynyň biridigini belländigini, şeýle hem şeýle ýaryşlaryň halklaryň we döwletleriň arasynda syýahatçylygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun alýandygyny aýdandygy bellenildi.

13 döwletden 106 türgeniň gatnaşmagynda Russiýanyň Tomsk şäherinden badalga alan ýaryş 5200 kilometr menzil geçilip, Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda tamamlandy.

Çykyşlar tamamlanandan soňra ýeňijiler münbere çagyryldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň türgenleriniň bolmagy, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşyl Baýdagynyň belentden pasyrdamagy guwandyryjy wakalaryň biri boldy.

Birnäçe ýyllardan bäri şeýle iri halkara ralli ýaryşlaryna gatnaşyp gelýän türkmen türgenleri özleriniň nobatdaky ýeňşini baýram etdiler. T2 kategoriýasynda Merdan we Şöhrat Toýlyýewler 2-nji orny, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow 3-nji orny eýeledi. Bu kategoriýada birinji orny “S&A Racing” toparyndan Andreý Suşensow bilen Aleksandr Şanow eýelemegi başardy.

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy