SPORT

Türkmenistan “Ýüpek ýoly-2022” rallisine gatnaşýar

“Ýüpek ýoly” rallisi her ýyl geçirilýän meşhur awtosport ýaryşlarynyň biridir. Ýewraziýa yklymyndan geçirilýändigi üçin ýaryşyň ady sebit bilen baglanyşyklydyr. Ol 2009-njy ýylda döredilen sport başlangyjydyr. Bu döwürde diňe bir Russiýa Federasiýasynyň sebitleri däl eýsem, Ýewraziýa ýurtlaryny hem birleşdirdi. Ýaryş Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Mongoliýa we Türkmenistan ýaly döwletlerde geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilip başlanan “Ýüpek ýoly” rallisi Russiýanyň we Gazagystanyň ýolbaşçylary tarapyndan goldanypdy.

2022-nji ýylda geçirilýän ralli ýaryşy düýn, ýagny 7-nji iýulda Russiýanyň Hazar deňiziniň kenaryndaky Astrahan şäherinde badalga aldy. Ol 16-njy iýulda Moskwa şäherinde jemlener.

Ýaryşyň ugry çarkandakly we umumy ulanylýan ýollarden geçýär. Her ýyl ýaryşa gatnaşyjylara täze ugurlar hödürlenilýär. Şonuň üçin ýaryşyň guraýjylary ralli ýaryşynyň geografiýasyny köp dürli etmek üçin tagalla edýär.

TÜRKMEN TÜRGENLERI HEM ÝARYŞA GATNAŞÝAR

Ýaryşa awtomobil, ýük ulaglary, motosikl we kwadrosik ulaglary gatnaşdyrylýar. Üstümizdäki ýylda geçirilýän ýaryşa türkmen türgenleri hem gatnaşýar. Türkmenistan hem ralli, ýagny awtosport ýaryşlarynda uly tejribe toplady. Köp sanly ýaryşlara gatnaşýan türkmen türgenleri oňat netijeler gazanýar.

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň düzümindäki türgenler “Nissan Patrol” awtoulaglar bilen ýaryşa goşuldylar.

Bu ralli ýaryşynyň ilkinjisi 2009-njy ýylda Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan ugry boýunça geçirilipdi. 4,35 müň kilometr aralyga uzap gidýän ýaryş Tatarystanyň Kazna şäherinde başlap, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda tamamlanypdy. Oňa 25 döwletden türgenler gatnaşypdy.

 

Bütindünýä ÅŸokolad güni: ÅŸokolad barada…

Ýene-de okaň

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Bişkekdäki 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki medala eýe boldular

Ata Watan Eserleri

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy