BIZNES

Yrak Türkmenistandan tebigy gaz satyn almaga gyzyklanma bildirýär

Yragyň Premýer-ministri Mohammed Şia Al-Sudani öz ýurdunyň energetika pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren ýygnagynda tebigy gazy import etmegiň alternatiw ugurlaryny gözlemegi tabşyrdy. Häzirki wagtda Yrag elektrik stansiýalary üçin zerur bolan ýangyç mätäçligini çekýär.

Ýurduň Premýer-ministrliginiň kanselýariýasynyň habar bermegine görä, Yragyň hökümet baştutany täze hökümetiň elektrik energiýasynyň önümçiligini 26000 megawata ýetirmegi maksat edinendigini belläp, munuň Yragyň taryhyndaky iň ýokary görkeziji boljakdygyny, şonuň üçin alternatiw energiýa serişdelerine zerurlyk döredýändigini belledi.

Yragyň köp sanly uly taslamalar bilen tebigy gazy öndürmegiň möçberini artdyrmak üçin çemeleşýändigine garamazdan, Türkmenistandan we Katardan tebigy gaz import etmegiň ugurlaryny gözlemek ugrunda tagalla edýär.

Premýer-ministr ýurduň Nebit ministrligine halkara kompaniýalary energiýa ýataklaryny özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer