BILIM

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw

Halkara bilim boýunça amerikan geňeşlikleri ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2023-2024-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Bu bolsa türkmenler bilen amerikanlaryň özara düşünişmegini ösdürmäge ýardam eder. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan meýilleşdirilýän «FLEX» maksatna-masy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäkli okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň ählisi aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:

— bäsleşige 2006-njy ýylyň 15-nji martyndan 2008-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Ýöne 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;

— häzirki wagtda orta mekdepde okaýan;

— mekdepdäki ýetişigi gowy bolan, iňlis dilin-de gowy gürlemek we ýazmak ukyplaryna eýe bolan;

— soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;

— ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýän;

Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçy- hakyndaky şahadatnamasynyň asyl nusgasyny bir fotosuratyny, ruçka alyp gelmelidir we mekdep lar synaga ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3×4 ölçegli lybasynda bolmalydyr.

Synaglaryň rejesi:

Bäsleşigiň geçirilýän ýeri                         Güni                         Wagty                                        Mekdebi
Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.     15-nji oktýabr, 2023 ý.     09:00                   Mekdep N° 10, Türkmenbaşy ş.
Balkan welaýaty, Balkanabat ş.         22-nji oktýabr, 2023 ý.    09:00                    Mekdep N° 3, Balkanabat ş.
Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş.          29-njy oktýabr, 2023 ý.   09:00                     Mekdep N° 2, Daşoguz ş.
Mary welaýaty, Mary ş.                      5-nji noýabr, 2023 ý.        09:00                     Mekdep N° 19, Mary ş.
Lebap welaýaty, Türkmenabat ş.       12-nji noýabr, 2023 ý.      09:00                    Mekdep N° 2, Türkmenabat ş.
Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri    26-njy noýabr, 2023 ý.      09:00                    Mekdep N° 20, Aşgabat ş.

Bellik: öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaga rugsat berilýär.

Goşmaça maglumat üçin Amerikan geňeşlikleriniň Aşgabatdaky edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

Tel.: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36. http://americancouncilstm.org/flex/

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary