Ynsan oglunyň agyrlygynyň bilim, üşük bilen kesgitlenýändigini beýan eder

 

VI Yalŋuk Oğlanı Ağırlıki Bilig Ukuş Birle Erdükin Ayur 6.YNSAN OGLUNYŇ AGYRLYGYNYŇ BILIM,

ÜŞÜK BILEN KESGITLENÝÄNDIGINI BEÝAN EDER

148 Törütti üdürdi seçü yalŋukuğ,
aŋar berdi erdem bilig ög ukuğ
148.Ýaratdy, ösdürdi, seçdi ynsany,

Berdi edep, bilim, üşükdir aňy.

149 Köŋül berdi hem me yorıttı tilig,
uvut berdi kılk hem kılınçı silig
149.Köňül berdi hem-de ýöretdi dilin,

Berdi uýat, häsýet hem sap gylygyn.

150 Bilig berdi yalŋuk bedüdi bu kün,
ukuş berdi ötrü yazıldı tügün
150.Bilim berdi ynsan beýgeldi bu gün,

Üşük berdi, soňra ýazyldy düwün.

151 Bayat kimke berse ukuş ög bilig,
üküş edgülükke uzattı elig
151.Baýat kime berse aň,üşük, bilim,

Ençe eýgilige uzatdy elin.

152 Biligni bedük bil ukuşnı uluğ,
bu iki bedütür üdürmiş kuluğ
152.Bilimlin beýik bil, üşüklin – uly,

Ikisi beýgelder, seçer ol guly.

153 Bu sözke tanukı munu keldi söz,
bu sözni eşitgil sözüg munda üz
153.Bu sözüň tanygy geldi şeýle söz,

Bu sözi eşitgil, sözüň munda üz.

154 Ukuş kayda bolsa uluğluk bulur,
bilig kimde bolsa bedüklük alur
154.Üşük kaýda bolsa, ululyk bolar,

Kimde bilim bolsa, beýiklik alar.

155 Ukuşluğ ukar ol biliglig bilir,
biligli ukuğlı tilekke tegir
155.Üşükli düşüner, bilimli utar,

Bilimli, üşükli dilegne ýeter.

156 Bilig manisi bil negü ter bilig,
bilig bilse ötrü yırar erde ig
156.Bilim manysyny öwrenseň asal,

Bilim bilseň, gelmez ig ýa-da kesel.

157 Biligsiz kişi barça iglig bolur,
igig emlemese kişi terk ölür
157.Bilimsiz kişi barça igli bolar,

Igi emlemeseň, kişi terk öler.

158 Yorı ay biligsiz igiŋni ota,
biligsiz otın sen ay bilge kuda
158.Ýöre, eý bilimsiz igiňni otar,

Bilimsizin otyn, bilgir, sen ýetir!

159 Ukuş ol burunduk anı yetse er,
tilekke tegir ol tümen ârzû yer
159.Üşük bir burunlyk, ony itse är,

Dilegine ýeter, tümen arzuw iýr.

160 Ukuş bolsa erke kör asğı üküş,
bilig bilse ötrü bolur er küsüş
160.Ärde üşük bolsa, peýdasy köp, gör,

Bilim bilse kişi beýgeler ol är.

161 Ukuş birle işler kamuğ iş küdüg,
bilig birle bekle bu bulmış üdüg
161.Üşük, paýhas bilen işiňi bitir,

Hemişe bilimiň üstüni ýetir!

 

Related posts

Türkmenistanda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ýaponiýanyň ministri bilen duşuşdy

Türkmen sazandalary Sinandali saz festiwalynyň sahnasynda

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde geçirilýän Halkara kosmos sammitine gatnaşýar

Mekdep okuwçylarymyz mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeler görkezdiler

Tramp amerikalylara 5 müň dollar baýrak wada berdi

Romero Messiden soňra Argentinanyň kapitany bolar

2000 müň dollarlyk bükülýän ilkinji “iPhone Duo” smartfony tanyşdyryldy

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

ÝB-niň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi

Ata Watan Eserleri

«C5+1» formaty: sekretariatynyň nobatdaky mejlisi

Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Fransiýanyň Ilçisi bilen duşuşdy

Alty setir goşgynyň güýji

Ata Watan Eserleri