BILIM

Ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasy

Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy alymlyk derejesini bermeýän ýone güýçli depginli maksatnama bolup ýokary bilim gatlagynda işleýän tejribeli mugallymlara we ylmy işgärlere amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegini hödürleýär. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara ýokary okuw jaýlary we beýleki akademiki edaralary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar. Dalaşgärler üçin ýatlatma: Bu, okuw usullary/tehnologiýalary ýa-da gözleg maksatnamasy däldir.

Bu bäş ýa-da alty hepdelik ylmy işgärler we ýokary bilim ulgamynda işleýän mugallymlar üçin maksatnama häzirki ýüze çykan saglyk, howpsyzlyk hem-de syýahat kynçylyklary baglylykda 2025-nji ýylyň maý aýynyň aýagyndan başlap, iýul aýynyň başynda tamamlanyp, ABŞ-da geçiriler. Okuwyň anyk seneleri biraz soňra belli ediler.

Alty maksatnamanyň her biri aşakdaky bir mowzuga gönükdiriler:

  1. Amerikan syýasaty we syýasy düşünjesi
  2. Häzirki zaman amerikan edebiýaty
  3. Žurnalistika we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
  4. Amerikanyň medeniýeti, şahsylygy we jemgyýeti
  5. ABŞ-nyň ykdysadyýeti we durnukly ösüşi
  6. ABŞ-nyň daşary syýasaty

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  1.  Dalaşgärler öz ugrunda azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan orta hünärli we 30-50 ýaş aralygynda bolmaly
  2. Dalaşgärler ýokary bilim ulgamynda ýa-da gözleg edaralarynda işleýän höwesjeň we iş tejribeli hünärmenler bolmaly
  3.  Dalaşgärleriň ABŞ-da ozal ýaşap we okap gazanan tejribesi az ýa-da ýok bolmaly
  4. Işleýän okuw jaýlarynda ýa-da edaralarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwrenşiň dürli taraplaryny okuw maksatnamasyna girizmegi meýilleşdirýän, Amerikada okan ýokary okuw jaýynyň ugry boýunça öz ýurdundaky ýokary okuw jaýynda täze kurslary açmagy niýet edinýänler, ABŞ barada ozal bar bolan sapaklaryň üstüni ýetirmegi meýilleşdirýänler we Amerikany öwreniş ugurlary boýunça ýörite seminarlary guramakçy bolýanlara aýratyn üns berler.
  5. Ähli dalaşgärler iňlis dilini suwara bilmeli – iňlis dilinde okamak bilen bagly bolan köp ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyply bolmaly, hem-de hemme seminarlara we maslahatlara doly we işjeň gatnaşmaly..

Bellik –  aşakdaky sanalan şahslaryň bu maksatnama gatnaşmaga hukugy ýokdur:

  1. ABŞ-nyň raýatlary we hemişelik ýaşaýjylary (grin kart eýeleri)
  2. ABŞ-nyň Ilçihanasynyň işgärleriniň garyndaşlary

Her bir dalaşgär bu maksatnama gatnaşmaga bolan sebäbini we bu maksatnamadan garaşýan netijelerini 1 sahypada gysgaça anketada beýan etmeli. Ähli beyannamalar asyl görnüşde bolmalydyr we AI tarapyndan döredilen ýa-da plagiat edilen beýannamalar bäsleşikden mahrum ediler.

Ozalky ylmy işleri, iş üstünlikleri we wezipe borçlary boýunça maksatnama bilen has gyzyklanýan dalaşgärlere aýratyn üns berler.

Baryp-gelmek ýol çykdajylary, ýaşaýyş üçin boljak çykdajylary, okuw kitaplary bilen bagly çykdajylary, goşmaça çykdajylar we saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen baglanşykly ähli çykdajylar maksatnama tarapyndan tölenilýär.

Anketalary şu ýerden ýüklenip bolýar: MS Word formatynda doldyrmak we printerden çykarmak üçin (DOC 62 KB) we Adobe PDF formatda (PDF 229 KB). Mowzuklaryň doly düşündirişini şu ýerde görüp bilersiňiz (PDF 32 KB). Anketalary elektron poçta arkaly ugradyp ýa-da özüňiz getirip tabşyryp bilersiňiz. Goşmaça maglumatlar üçin şu elektron salgysyna hat ýazyň: AshgabatEducation@state.gov.

Anketalar 2024-nji ýylyň 15-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler

Türkmenistanly okuwçy Kaliforniýada türkmen milliliklerini tanyşdyrdy

Türkmen okuwçylary we talyplary 821 medal gazandy