BILIM

Ykdysadyýet ugry boýunça bakalawr maksatnamasyna okuwa çagyrylýar

Gyrgyz Respublikasyndaky ÝHHG-niň Akademiýasy her ýyl ykdysadyýet ugry boýunça bakalawr maksatnamasyna 25 talyp kabul edýär. Bu gündizki okuw maksatnamasy bolup, 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlaýar. Okwu döwründe talyplar Bişkekde ýaşarlar.

ÝHHG-niň akademiýasy şu şakdaky maliýe goldawyny/talyp hakyny berer:

  • Okuw töleginden boşadýar.
  • Her aý 300 ýewro talyp haky.
  • Gidi-geliş (ekonom klasda) uçar bileti, wiza üçin tölegler.
  • Hyzmatdaş guramalara iş tejribeçiligine ibermek (Akademiýanyň talaplaryna laýyk gelýän talyplar)

Bu maksatnama gatnaşmaga hukugy bolanlar:

  • Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we ÝHHG-niň beýleki agza döwletleriniň raýatlary
  • Orta umumy ýa-da orta hünärment mekdebi üstünlikli tamamlanlar (orta bilim hakyndaky şahadtanama ýa-da orta hünärment mekdebiniň diplomy)
  • oňat derejede iňlis dilini bilmeli

HALKARA DALAŞGÄRLERIŇ ÝÜZ TUTMAK IŞI:

  • 1-nji tapgyr – 2024-nji ýylyň 25-nji martyna çenli onlaýn sowalnama bilen hasaba durmaly.
  • Synaga diňe gysga sanawa giren dalaşgärler çagyrylýar.
  • 2-nji tapgyr – giriş synagy matematika dersinden bolar. Iňlis dili bilýändigi synag ediler.
  • 3-nji tapgry – onlaýn söhbetdeşlik
  • 4-nji tapgyr – Bilim we ylym ministrliginiň portalyndan hasaba durmaly: https://edugate.edu.gov.kg/.

Goşmaça maglumat üçin şu elektron-poçtadna habarlaşyp bilersiňiz: ba-admission@osce-academy.net.

 

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary