BIZNES

Ykdysady ösüş: jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy

2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri mälim edildi. Hasabat döwründe ykdysadyýetde durnukly ösüş gazanyldy. Bu döwürde jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy. Şu ýylyň 9 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm 4,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik ösüşleri gazanyldy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim artdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 22,2 milliard manada deň boldy. Bu baradaky hasabatlar Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde hasabat döwründe gurluşyk we durkyny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 259 desganyň 16-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 163-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Ykdysadýetiň döwlete dahylsyz böleginde oňyn netijeler gazanyldy. Önüm öndürilişiniň düzüminde hususy işewürligiň paýy 66,9 göterime barabardyr.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçen dokuz aýda birža söwdalarynyň 205-si geçirilip, 20 müň 226 şertnama baglaşyldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 120,4 göterime barabar boldy, garalýan döwürde sergileriň 5-si we wideogörnüşdäki maslahatlaryň 22-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişiniň mukdary 117,5 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 131,2 göterime deň boldy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy