SPORT

Ýewropada möwsümiň iň gowy futbolçysy saýlandy

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň hüjümçisi Karim Benzema Ýewropada möwsümiň iň gowy futbolçysy diýen ada mynasyp boldy. Fransiýaly futbolçy bu ada hem-de baýraga “Onze Mondial” žurnaly tarapyndan mynasyp boldy.

bu žurnal 1976-njy ýyldan bäri bu ugurda baýrak gowşuryp gelýär. 33 ýaşly Benzema bu baýraga mynasyp bolup, bu ugurda “Barselona” toparynyň dünýä belli futbolçysy Lionel Messiden hem-de “Bawariýanyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowskiden öňe saýlandy.Benzama şu möwsümde Ispaniýanyň çempionatynda 33 duşuşykda 22 gol geçirdi. Mälim bolşy ýaly, Benzema 6 ýyldan soň Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyrylyp, şu ýylky Ýewropa futbol çempionatynda milli ýygyndynyň düzüminde çykyş eder.

Geçen ýyl “Onze Mondial” žurnalynyň baýragyna “Liwerpul” toparynyň futbolçysy Sadio Mane mynasyp bolupdy.

 

 

Ýewropa futbolynyň koronawirus zerarly zyýany

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri