DÜNÝÄ

Ýewropa Parlamentiniň täze başlygy saýlandy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Ýewropa Parlamentiniň ozalky ýolbaşçysy Dawid-Mariýa Sassoli aradan çykypdy. Onuň ýerine parlamentiň täze başlygyny saýlamak üçin ses berişlik geçirildi.

Şonuň netijesinde, Maltanyň deputaty 43 ýaşyndaky Roberta Metsola Ýewropa Parlamentiniň täze başlygy wezipesine saýlandy. Ol ozal, Ýewroparlamentiň başlygynyň birinji orunbasary wezipesinde işleýärdi. Ony bu wezipä Ýewropa halk partiýasy hödürläpdi.

Ýewropa Parlamentiniň başlygy wezipesi üçin dürli syýasy partiýalardan 4 dalaşgär görkezildi.

Metsola ses berişligiň birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy. Ol Ýewropa Parlamentiniň ses bermäge gatnaşan 616 deputatynyň 458-siniň sesini aldy.

Onuň esasy bäsdeşleri Alis Ba Kunke (Şwesiýa) we Sira Rego (Ispaniýa) degişlilikde 101 we 57 ses aldy. 4-nji dalaşgär polşaly deputat Kosma Zlotowskiý soňky minutda dalaşgärlikden çekildi.

DOGLAN GÜNÜNDE ÝEŇIŞ GAZANDY

Saýlawlaryň netijesi boýunça täze başlyga gül gowşuryldy. Bu ajaýyp güller onuň hem ýeňşi hem-de doglan güni üçin özboluşly sowgat boldy.

ÝEWROPARLAMENTIŇ ILKINJI ZENAN BAŞLYGY

Roberta Metsola – Ýewropa Parlamentiniň ilkinji zenan ýolbaşçysy boldy. Şeýle hem ol 43 ýaşynda bu wezipäni eýelän iň ýaş mejlis başlygy boldy.

1979-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda Metsola Maltanyň Sent-Julians şäherinde dünýä indi.  Ol Maltanyň uniwersitetinde hukuk ylmy boýunça doktorlyk derejesini aldy.

2013-nji ýylda Ýewropa Parlamentiniň düzümine saýlandy.

 

Indoneziýanyň täze paýtagty – “Nusantara”

Ýene-de okaň

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi