JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020 finaly: Italiýa – Angliýa

11-nji iýulda Londonyň “Uembli” stadionynda Ýewropa çempionatynyň finalynda Italiýanyň milli ýygyndysy bilen Angliýanyň milli ýygyndysy duşuşar.

DUŞUŞYK BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

  • Italiýanyň ýygyndysy finala çenli toparça Türkiýäni 3:0, Şweýsariýany 3:0, Uelsi 1:0 hasabynda utdy, 1/8 finalda Awstriýany 2:1, çärýek finalda Belgiýany 2:1, ýarym finalda bolsa duşuşykdan soňky 11 metrlik jerine urgulary arkaly Ispaniýany ýeňdi.
  • Italiýanyň milli ýygyndysy 4-nji gezek finala çykýar. Şonuň netijesinde, 1968-nji ýylda şol wagtky Ýugoslawiýany 2:0 hasabynda utup, çempion bolupdy.
  • Angliýanyň ýygyndysy final ýolunda toparçada Horwatiýany 1:0, Şotlandiýa bilen 0:0, Çehiýany 1:0 hasabynda utup, 1/8 finalda Germaniýany 2:0, çärýek finalda Ukrainany 4:0, ýarym finalda hem Daniýany 2:1 hasabynda utdy.
  • Mundan ozal Italiýanyň we Angliýanyň milli ýygyndylary 27 gezek duşuşdy. Şolaryň 11-sinde Italiýa, 8-sinde Angliýa ýeňiş gazanan bolsa, 8 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.
  • Ýygyndylaryň mundan ozalky Ýewropa çempionatyndaky duşuşyklarynda Italiýanyň ýygyndysy angliýany ýeňdi.
  • italiýanyň ýygyndysy iri sport ýaryşlarynyň final tapgyrynda Angliýanyň ýygyndysyndan ýeňilmändir.

 

Ýewro-2020: Angliýa hem finalda

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Milletler kubogy ýaryşyna gatnaşýar

BMG-niň Baş sekretaryndan Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk haty

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy