SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýerli sanjymyň ady “Turkovac” boldy

Türkiýe Respublikasynda işlenip düzülen kronawirus ýokanjyna garşy sanjyma “Turkovac” ady berildi. Bu sanjymyň üçünji kliniki synaglaryna badalga berildi.

Türkiýänyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýerli koronawirus ýokanjy garşy sanjymyň 3-nji kliniki synaglaryna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy. Prezident Ärdogan sanly ulgam arkaly bu dabarada gatnaşyp, synaglara badalga berdi. Ol bu dabarada eden çykyşynda ýerli sanjym bilen ýurtda täze döwrüň başlanýandygyny belledi.  Ärdogan ýerli sanjyma “Turkovac” ady berdi.

Kliniki synaglaryň 3-nji tapgyrynyň çäklerinde ilkinji doza Ankaranyň şäher hassahanasynda uruldy. Bu sanjym Erjiýes uniwersiteti bilen Türkiýäniň Saglyk institutlary müdirligi tarapyndan işlenip düzüldi.

“Turkovac” terjime edilen türk sanjymy diýen manyny berýär. “vac” sözi iňlis dilindäki “Vaccine” sözüniň gysgadylan görnüşi bolup, ol hem waksina manysyny berýär.

“Turkovac” sanjymynyň 3-nji kliniki synaglarynyň Azerbaýjan, Wengriýa, Polşa we Özbegistan ýaly döwletlerde hem geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

 

 

Türkmenistan dümewe garşy rus sanjymy bellige aldy

 

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy