JEMGYÝET

Ýer bölekleri peýdalanmaga berler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, gözegçilik edýän düzümlerinde ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýurdumyzyň häkimliklerine hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatly ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça Buýrugyň taslamasy hödürlenildi.

Bölünip berlen ýerler häzirki zaman önümçilik desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, gurluşyk üçin çig mal serişdelerini gazyp almak hem-de oba hojalyk ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanylar. Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenilen teklipler Ýer meseleleri boýunça Döwlet toparynda seljerildi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet edaralaryna we kärhanalaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, degişli ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes edildi hem-de degişli ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde degişli ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hem-de ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça namalary bellenilen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

 

 

Täze gazhimiýa taslamalary durmuşa geçiriler

Ýene-de okaň

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri